Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi


Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi



19-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ony senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek, gurluşyk ulgamynyň we gurluşyk senagaty önümçiliginiň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem maslahatda «Türkmenistany 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, senagat we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tamamlamak we olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.