Teleköpri arkaly onlaýn konsert


Teleköpri arkaly onlaýn konsert



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan ösen aň-düşünjeli nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda uly ösüşler bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Talyp ýaşlara berilýän bilimi baýlaşdyrmakda, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Sanlylaşdyrmak – dünýä ösüşiniň esasy şerti. Ol biziň gündelik durmuşymyza we hünär işimize barha işjeň ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeldýär...» diýip belleýär. 22-nji aprelde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ilkinji onlaýn konsertiniň geçirilmegi munuň şeýledigine aýdyň subutnama boldy. Teleköpri arkaly geçirilen bu çärä Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen onlaýn konsertde konserwatoriýanyň «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň halypa bagşy mugallymlary çykyş etdiler. Konsertiň başynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Rejepdurdy Begenjow öz sazyna Nowruz Gurbanmyradowyň goşgusyna «Arkadagym atlananda bedewe» atly ajaýyp aýdymy ýerine ýetirdi. Dabaranyň dowamynda konserwatoriýanyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýew «Görogly» şadessanyndan «Owazy geldi» aýdymy, Akmyrat Çaryýewiň sazyna Geldi Bäşiýewiň goşgusyna konserwatoriýanyň mugallymy Magtymguly Magtymgulyýew «Bedewler» aýdymy aýdyp berdi. Konsertiň jemleýji çykyşynda konserwatoriýanyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow «Görogly» şadessanyndan «Gyrat» şahasyny ýerine ýetirdi.

Teleköpri arkaly geçirilen onlaýn konsertiň ahyrynda döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň durnukly ösüşiniň hem-de ýurdumyzyň ylmy we medeni gatnaşyklarynda abraýynyň, ornunyň pugtalanýandygy bellenildi.