Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sadaka gatnaşdy


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sadaka gatnaşdy

13-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sadaka berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň tutumly gurluşyklarynyň başlanmagyna ak pata bermäge, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyzy ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleriň okalmagyna, şeýle hem Owganystanda ýakynda bolup geçen ýertitremede wepat bolanlary hatyralamaga bagyşlandy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, irden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde berilýän sadaka gatnaşmak üçin bu ýerdäki «Märkaw» myhmanhanasynyň degişli çäreleri geçirmäge niýetlenen ýerine geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, özi üçin niýetlenen ýere geçdi. Gahryman Arkadagymyz sadaka gatnaşyjylara ýüzlenip, Berkarar ýurdumyzda her günümiziň şanly wakalara, döwletli işlere beslenýändigini, il-halkymyz üçin belent maksatlary tutup, geljege ynamly ädimleri ädýändigimizi belledi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň tomsunda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni dabaraly ýagdaýda tutup berendigini nygtady.

Bina galdyrmak, ýol çekmek, köpri gurmak halkymyzda hemişe asylly, sogaply işler hasaplanypdyr. Şol gadymy dessurlarymyz häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Serdarymyzyň taryhy Karara gol çekmegi bilen, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynda iş alyp barjak potratçylar belli boldy.

Döwletimiziň uly ynam bildirmegi bilen, tüweleme, indi öz oglanlarymyz, öz hünärmenlerimiz ýetişdiler. Olar indi uly gurluşyklarda taplanyp, iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar diýip, Gahryman Arkadagymyz buýsanç bilen aýtdy. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gurluşyk işlerini alyp bararlar. Ýokary hil derejesinde guruljak täze binalar halkymyzyň röwşen geljegine hyzmat eder.

Bu gün Gahryman Serdarymyzyň Karary esasynda bu ýerde tutumly gurluşyklaryň başlanmagyna ak pata berýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, Berkarar döwletimizde gadymy däp-dessurlarymyzyň dowam etdirilýändigini, tutumly işlere başlananda, öten-geçenleri ýatlamagyň, olaryň ruhuna sadaka bermegiň hem gadymdan gelýän milli dessurymyzdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň «Toý bilen ýas bile geler» diýen atalar sözüni mysal getirip, ýakynda ýurdumyzda Hatyra gününiň bellenilendigine ünsi çekdi. Şol gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar ýatlanyldy. Biz bu günki sadakamyzda-da olary ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleri okarys. Goý, ähli öten-geçenlerimiziň ruhlary şat, jaýlary jennet bolsun! diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Bu baradaky sözüni dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri halkymyzyň geçmişde agyr synaglara sezewar bolanda-da, şu Watana, mukaddes topraga belent söýgi, mizemez agzybirlik we uly ynam bilen kynçylyklary ýeňip geçmegi başarandygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň «Boljak işe çäre ýok» diýen gadymdan gelýän sözüni belläp geçip, geçen ýekşenbe güni goňşy we doganlyk ýurt bolan Owganystanda hem ýertitreme bolup geçendigini nygtady.

Gynansak-da, ol köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirdi. Biz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ähli halkymyzyň adyndan çuňňur gynanjymyzy beýan edýäris. Gudraty Güýçli Allatagala ýer astynda galan şehitlere iman baýlygyny berip, olaryň ruhlaryny şat etsin! Ejir çekenleriň hem gysga wagtda sagalmaklaryny dileýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz päk niýetlerini beýan etdi.

Milli Liderimiz ejir çekenleriň köpüsiniň hem çagalardygy bizi örän gynandyrýar diýip, türkmençilikde «Kyýamat güni goňşudan» diýilýän parasatly sözleri mysal getirdi. Kyn günüňde ilki goňşy kömege gelýär. Biz hem, ynha, doganlyk owgan halkyna duýgudaşlyk bildirip, hemaýat golumyzy uzatdyk. Çagalar üçin ýyly egin-eşikleri, ýorgan-düşekleri, azyk önümlerini, däri-dermanlary ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugratdyk diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gün hem türkmençilik däbimize eýerip, mukaddes anna gününde ýakyn goňşuçylygyň, doganlyk gatnaşyklarymyzyň hormatyna Owganystandaky ýertitremede wepat bolanlary hem hatyralap, olaryň ruhuna aýat-töwir edilýändigini belledi.

Pederlerimiz «Söýenişen ýykylmaz» diýipdirler. Birek-birege goldaw bermek öňden gelýän asylly ýörelgedir. Röwşen geljegimiz, abadançylygymyz, bagtyýar durmuşymyz üçin şeýle asylly kadalara eýermek parzdyr. Bu däp-dessurlarymyzy geljekde ýaşlarymyz hem dowam ederler diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemläp, bu gün şu ýerde sadaka bermegiň düýp sebäpleriniň şulardan ybaratdygyny nygtady hem-de «Goý, berýän sadakalarymyz kabul bolsun! Ýer ýüzünde hemişe abadançylyk, parahatçylyk bolsun!» diýip, arzuw-dileglerini beýan etdi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Däbe görä, sadaka gatnaşyjylara dürli milli naharlar çekildi.

Duz-tagam dadylandan soňra, aýat-töwir edildi. Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir edip bermek bilen, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi barada hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň nurana geljeginiň bähbidine alyp barýan döwletli işlerinde hemişe üstünlikleri gazanmaklaryny dileg etdi.

Soňra hajy Arkadagymyz: «Goý, berlen sadaka, edilen doga-dilegler hem-de aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!» diýip, sadaka gatnaşanlara saglykda görüşmegi arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Bu çäre parasatly ata-babalarymyzyň gadymy milli däplerimizi taryhyň dowamynda öz nesillerine geçirip gelendikleriniň we şol däpleriň häzirki wagtda döwrüň ruhuna laýyk derejede mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Sadaka tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Gökdepe metjidine ugradylar. Bu ýere ýygnananlar namaza durmazdan ozal, metjitde goýlan mukaddesliklere tagzym etdiler.

Soňra bu mukaddes toprakda bina edilen metjitde juma namazy okaldy. Munuň özi türkmen halkynyň milli däp-dessurlara, yslamyň sütünlerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Agzybirlikde edilýän doga-dilegler aýratyn sogap we ruhy taýdan jebisligiň nyşany hasaplanýar.