Gahryman Arkadagymyz Türki döwletleriň bilelikdäki Medeniýet gününi guramagy teklip etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 10-njy sammitindäki çykyşynda TDG-niň ýurtlaryny medeniýet ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy diýip, TDH habar berýär.
— Taryhy, medeniýeti, dili we däp-dessurlary birmeňzeş bolan türki döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini bellemek isleýärin — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ulgamda amala aşyrylýan özara ysnyşykly hereketleriň dost-doganlygyň, birek-birege hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň we goldaw bermegiň esasynda ulgamlaýyn ösdürilýändigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn medeni çäreleri ýygy-ýygydan geçirmegi, hususan-da, Türki döwletleriň bilelikdäki Medeniýet gününi guramagy teklip etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň çäklerinde gatnaşyklaryň ýokary derejede dowam edýändigini hem-de TÜRKSOÝ guramasynyň medeni-ynsanperwer ugurda möhüm işleri alyp barýandygyny nygtamak bilen, onuň çäklerinde bilelikde geçirilýän çäreleriň giňeldilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.