Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçiriljek festiwalda nähili dabaralar bolar?


Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçiriljek festiwalda nähili dabaralar bolar?

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 27-28-nji oktýabrynda ýurdumyzda görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçiriler.

Festiwalyň açylyş dabarasy 27-nji oktýabrda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriler. Şol gün Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparlarynyň N.Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan konsert, şeýle-de Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň N.Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan konserti geçiriler.

27-nji oktýabrda sagat 15:00-da Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Nury Halmämmedowyň şekillendiriş sungatyndaky çeper keşbi» atly sergi we aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçiriler.

Şol gün sagat 16:30-da Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Nury Halmämmedowyň sazynyň türkmen kino sungatyndaky orny» atly döredijilik duşuşygy geçiriler.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda bolsa 27-nji oktýabrda sagat 18:00-da Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredijilik toparlarynyň konserti geçiriler.

Şol gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda «Dutaryň owazy» atly sahna oýny görkeziler. Oýun 19:00-da başlanar.

«Mukama siňen ömür» atly festiwalyň ikinji güni, ýagny 28-nji oktýabrda sagat 09:00-da Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda N.Halmämmedowyň ömür döredijiligine bagyşlanan «Mukama siňen ömür» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Şol gün bu ýokary okuw mekdebinde N.Halmämmedowyň fortepiano we kamera-wokal eserleriniň konserti hem guralar. Konsert sagat 10:30-da başlanar.

28-nji oktýabrda sagat 10:30-da Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň we welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň sazandalarynyň hem-de döredijilik toparlarynyň N.Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan konserti geçiriler.

Şol gün Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň we welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň sazandalarynyň hem-de döredijilik toparlarynyň Nury Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan konserti bolar. Konsert sagat 16:00-da başlanar.

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda hem 28-nji oktýabrda sagat 17:00-da Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň we welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti geçiriler.

28-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan «Mukama siňen ömür» atly dokumental filmiň görkezilişi bolar. Film 18:00-da görkeziler.

Şol gün meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň ýapylyş dabarasy geçiriler. Ýapylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Nury Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanan konserti geçiriler. Konsert Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Konsert sagat 19:00-da başlanar.