Rowaçlyklara beslenen sungat


Rowaçlyklara beslenen sungat



Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle uly ynam bildirip, olaryň geljekde bilimli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edýär. Ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, olara döwrebap bilim terbiýe bermekde çagalar sungat mekdepleriniň orny uludyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, halklaryň dostlugynyň tarapdary höküminde möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Bu babatda 2020-nji ýyly «Türkmenistan Bitaraplygyň-mekany» ýyly diýip yglan edilmegi hem şol uly işlere badalga berdi. Ine şol sebäpli hem Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebi «Bitaraplyk mekany Ak şäherim Aşgabat, Bagtyýarlyk mukamy Ak şäherim Aşgabat» atly hasabat konsertini geçirdi. Bu konsertiň başynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň «Halk saz gurallar» orkestri Aman Agajykowyň «Bagtyýarlyk mukamy», P.I.Çaýkowskiniň «Guwlar tansy» atly eseri bilen hasabat konsertiň başyny başlady. Soňra bolsa «Mukam» dutarçylar ansambly arzuwlaryň hasyl bolýan şäheri bolan gözel Aşgabadymyzy wasp edip «Aşgabat» atly aýdymyny we «Söýgi mukamy» atly halk sazyny yerine ýetirip diňleýjilerde has-da uly täsir galdyrdy. Ýürekleri aýdym-sazdan doly bolan «Paýtagt» skripkaçylar topary Aşyr Abdullaýewiň «Bahar tansy» hem-de Rejep Rejepowyň «Toý aýdymy» atly eseri bilen çykyş edip öz başarnyklaryny görkezdiler. «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar» orkestri, şeýlede ýekelikde fortepiano saz guralynda Garibýans Medine, Aşyrowa Äşe, Aşyrowa Patma, ksilofon saz guralynda Hezretow Ýakup, wiolonçel saz guralynda Petrowa Milana, skripka saz guralynda Şakirow Tamir, dutar saz guralynda Täşliýew Begençmuhammet, klarnet saz guralynda Arslanow Tagandurdy we gitara saz guralynda Gurbanow Maksimyň ýerine ýetiren ajaýyp eserleri, aýdymdyr sazlary uly şowhuna we ruhubelentlige beslendi. Sazly agşama Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarydyr, talyplary hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary uly höwes bilen gatnaşdylar. «Saýrak bilbiller» hor toparynyň yerine ýetiren «Şedrik» ukrain halk aýdymy hem-de Aman Agajykowyň «Gutlag» aýdymy has-da joşgunly bolup, diňleýjileriň göwnüni galkyndyrdy. Esasan hem konsertiň meýilnamasynyň nusgawy kompozitorlaryň dünýä belli eserlerinden düzülmegi diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda höküm sürýän agzybirlik, jebislik, asylly maksatlara tarap barýan yolumyzda bize täze üstünlikleriň rowaçlyklaryň garaşýandygyny ynandyrýan, şeýle ajaýyp döwrebap sahnalarda çykyş edip çagajyklaryň öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ähli mümkinçilikler döredip beryän eziz Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!