TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI



20-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Gi¬ňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini belledi.