Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi



Paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi ajaýyp owazlaryň ýaňlanýan mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýetilýän sepgitleri, taryhy ösüşleri mynasyp wasp etmek, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklarymyzy gyzykly we täsirli geçirmek, zähmetkeş halkymyza ruhy lezzet paýlamak medeniýet sungat işgärleriniň paýyna düşýär. 12-nji dekabrda Halkara Birataplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň bilelikdäki göçme sergisi gurnaldy. Sergä gatnaşan myhmanlar amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisine tomaşa etmegiň çäklerinde tanymal aýdymçy-sazandalaryň, artistleriň çykyşlaryny diňlediler.

Sergä gatnaşan myhmanlar, görnükli medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar hem-de žurnalistler ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrundaky belent maksatlary hem-de yzygiderli goldaw-hemaýatlary üçin Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýtdylar.