Gün şöhlesiniň ýiti täsiri
Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy ýatdan çykarmaly däl. Çünki ynsan saglygy üçin örän howply bolan Gün urma hadysasy ýüze çykyp bilýär. Munuň özi Günüň ýiti şöhlesiniň gönüdengöni beýnä täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykýar. Uly bolmadyk gan inmeler merkezi nerw ulgamynyň işine şikes ýetirip bilýär.
Gün urmanyň ilkinji alamatlary 2 — 10 sagatdan soň ýüze çykýar. Ilki bada umumy ysgynsyzlyk, kellagyry, başyň aýlanmagy, arkada we aýakda agyrylar, gulagyň şaňlamagy, gözüň garaňkyramagy ýaly alamatlar döreýär. Gün uran adamyny howa ýetmeýän ýaly duýgy gurşap alýar, ýüregi çalt urup başlaýar, güýçli teşnelik duýýar. Agyr ýagdaýlarda adamyň ýüzi gögerip, dem alşy bir minutda 60 — 70 gezege ýetýär we näsag huşuny ýitirýär. Nerw ulgamynyň zeperlenmegi netijesinde tutgaýlar, samrama, gözüňe zatlaryň görünmegi ýaly ýagdaýlar döräp biler. Bedeniň gyzgynlygy 41—42º C çenli ýokarlanýar. Onuň yzysüre näsagda dem alşyň we ýüregiň işiniň durmagy ýüze çykyp biler.
Gün urmada ilkinji kömek berlen ýagdaýynda, hassany arassa howaly salkyn ýere geçirmelidir. Kellesini beýigräk ýassykda goýup, gysýan eşiklerini çykaryp ýatyrmalydyr. Bedenine sowuk ýapgylary goýmalydyr ýada öl düşek daşy bilen dolamalydyr. Maňlaýyna we uly gan damarlarynyň üstüne sowuk suw bilen öllenen mata goýup, ony ýygyýygydan çalşyp durmalydyr. Näsaga mümkin boldugyndan köp mukdarda (2—3 litr) ýörite taýýarlanylan içgini içirmelidir. Muňa öý şertlerinde taýýarlanylan ýada minerallaşdyrylan suw degişlidir. Öý şertlerinde bu içgi suwa çaý çemçesiniň ujunda duz we gant garylyp taýýarlanylýar.
Ýürege zeper ýetmezden, dem alyş saklanan bolsa, haýal etmän dem alşy dikeltmelidir. Eger dem alyş bilen bilelikde ýürek urgusy kesilse, janlandyryjy çäreleri doly göwrümde geçirmelidir. Agyrlyk ýagdaýyna garamazdan, näsagy tizdentiz hassahana äkitmelidir. Wagtynda berlen lukmançylyk kömegi merkezi nerw ulgamynda ýüze çykýan üýtgemeleriň öňüni alyp biler.
Gün şöhlesinden goranmak üçin hökman kelläňi başgap bilen ýada ýaglyk, tahýa bilen örtmelidir. Çagalara geýdirilýän egineşikler nah matadan açyk reňkde bolmalydyr. Şonuň bilen bilelikde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin saýawanlardan hem peýda lanmak zerurdyr.
Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranmalydyr, onuň üçin çagalar we gartaşan ýada ýokary gan basyş keseli bar bolan adamlar ir säher bilen sagat 6dan 9a çenli we agşam 18den 21 aralygynda daşaryk çykanlarynda hökman ýanlary bilen arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda almalydyrlar. Tomus paslynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmyensiklopedik kitabynda giňişleýin ylmy taýdan beýan edilýän narpyzdan, ýandakdan, çopan telpekden demlenen melhem çaýlary içmegi endik edinmek saglygyňa örän peýdalydyr.
Wepa HEMRAÝEW