Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň döredijilik işleri sergilendi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň halkymyzyň zamanasy örän baýdyr we köpugurlydyr. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýip yglan etmegi ähli türkmen halkymyzy begendirdi. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurtda giňden ýaýbaňlanan medeniýet, sungat ulgamy giň gerimde ösýän ugurlaryň biridir.
Bu ajaýyp eýýamda, Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan hem-de durmuşa ornaşdyrýan işlerini sungatyň dili bilen wasp etmekde türkmen suratkeşleri has-da döredijilikli işleýärler. Ýurdumyzda medeniýet, sungat ulgamynda zähmet çekýän döredijilik adamsy üçin dürli temalarda many-mazmuna baý sungat eserlerini döretmäge giň ýol açyldy we ähli şertler döredildi. Şu döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan, halkyň ruhy hem medeni baýlyklarynyň artmagyna goşant goşýan sungat ussatlary, ýagny Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň çeperçilik sergiler müdirliginiň sergiler jaýynda öz döredijilik işlerini halk köpçüligine hödürlediler.
Türkmen şekillendiriş sungatynyň ýoluna ser salanyňda, şu döwrüň içinde özboluşly, zehinli suratkeşleriň ençemesiniň ösüp ýetişendigini görmek bolýar. Gadymy milletimiziň taryhyny, dünýä gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen maddy hem ruhy mirasyny öwrenmek we ony bütin dünýä äşgär etmek, Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, esasy maksatlaryň biri boldy. Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn, çeper keramika, çeper dokaýyş, metaly çeper bejermek, agajy çeper bezemek, sahna bezegi ýaly bölümlerde işleýän ussat mugallymlaryň eserlerini synlanyňda öz zamanasyna bolan pelsepe garaýyşly taryhy wakalary görkezmekde özboluşlylyga ýykgyn edýändikleriniň şaýady bolýarsyň.
Şekillendiriş sungatyna degişli eserler dünýäniň durkuny ululy-kiçili göwrümde bolan reňk hem-de öwüşgin baýlygyny, ýagtylygyny açyp görkezmäge mümkinçilik döredýän sungatyň görnüşidir. Mekdebiň ýaş we halypa mugallymlarynyň, ýagny Gunça Myradowanyň, Ýazgeldi Hajyýewiň, Öwezmuhammet Akmuhammedowyň, Öwez Lallykowyň, Amanmyrat Orazowyň, Çarymyrat Amanowyň, Amanmuhammet Aşyrgeldiýewiň, Baýdurdy Berdiýewiň, Berdi Çaryýewiň, Kakamyrat Çaryýewiň, Toýly Çopanowyň, Döwletgeldi Durdyýewiň, Myrat Hojagulyýewiň, Aleksandr Kinýakinyň, Atajan Baýramowyň, Abdylla Mämmetberdiýewiň, Sapa Pürliýewiň, Şöhrat Sapargeldiýewiň, Laçyn Toýlyýewanyň, Seljuk Ýarmämmedowyň, Mähri Çaryýewanyň, Merjen Amangylyjowanyň, Raýsa Kaýtaýewanyň, Merdan Kakabaýewiň, Aýjeren Meredowanyň, Enejan Garaýewanyň, Gurban Babatäjowyň, Ylýas Gurbanowyň, Rozygeldi Gylyjowyň, Meýlis Hojamämmedowyň, Aman Hydyrowyň, Mälik Goçmyradowyň, Şageldi Orazlyýewiň, Gülşat Orazberdiýewanyň döreden sungat eserleriniň her birinde halkymyzyň geçmişde yz galdyran medeni mirasyny görmek bolýar. Bu babatda türkmen sungatynda döredilen eserler halkymyzyň ygtybarly hakydasy bolup cykyş edýär. Hakydany dikeltmek bolsa ynsan ömrüniň manysydyr. Ata-babalarymyzyň medeni ruhy bilen baglanyşykly edilýän bu işler ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap terbiýe bermekde örän wajyp orun eýeleýär.
Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary toparlaýyn sergide döwletimiziň ösüşini zähmetde gazanýan üstünliklerini we taryhy tapyndylarymyzy görkezmek bilen, gadymyýeti hem häzirki döwri deňeşdirmek hem-de häzirki döwürdäki barýan üstünligi, ösüşleri görkezmegi maksat edinipdirler. Bu sergide otuzdan gowrak suratkeş mugallymlar öz işleri bilen çykyş edýärler. Sungat diýlen mukaddeslige her kimiň öz garaýşy bar. Saýlap alan ugruna durky bilen berlen sungat ussady döredijilik ukyby bilen özüni ykrar edýär. Döredijilik adamsy özüniň ähli ylham joşgunyny döredýän eserlerine siňdirmäge çalyşýar. Döredilýän eseriň syrly güýji bolsa, ynsanlaryň içki dünýäsini gözelleşdirýär, ruhuny baýlaşdyrýar, onuň zähmete ukybyny, durmuşa bolan höwesini artdyrýar. Munuň, hakykatdan hem şeýledigine zehinli suratkeşleriň eserlerini synlanyňda, aňry ýany bilen göz ýetirmek bolýar.
Türkmenistanyň suratkeşleriniň esasy maksady eserleriň üsti bilen Türkmenistan Watanymyzyň ähli gözelliklerini döredip, adamlary ruhy taýdan galkyndyrmak üçin şekilleriň, reňkleriň sazlaşygyny tapmakdan ybarat bolup durýar. Şeýle işde göräýmäge, ownuk hasaplanylýan zat hem juda uly üstünlige eltip bilýär. Şowuna düşen azajyk reňk goşundysy hem tutuş eseriň kämilligine, onuň çeper eser bolmagyna öz täsirini ýetirip bilýär. Şu sergide tebigatyň şekillerem bar, adamlar bilen bagly şekillerem, portret eserleri hem, milli mirasymyzy wasp edýän eserler hem-de natýurmort eserleriniň üsti bilen ýerine ýetirilen işler hem bar. Olaryň arasynda Gunça Myradowanyň çeken eserleridir. Onuň portret eserlerinde, esasan adam keşbiniň üsti bilen estetiki garaýyşyň gözelligini duýmak bolýar. Sungat içki dünýäniň we özüňi alyp barmagyň köp dürlüliginde adamyň bitewiligini görkezýär. Şonuň bilen birlikde, sungat adamda şahsyýet hökmünde hakyky etiki gatnaşygy, ýagny ahlaklygy emele getirýär. Gymmatlylyk öz-özünden ahlaklykdyr, aýratyn-da adamlaryň aňyny eýelemek üçin, medeniýetiň nusgalyk görnüşi kabul etmelidir. Hut şol nusgalyklary adam sungatda, çeperçilik edebiýatda olaryň anyk, diri beýanyny tapýar. Suratkeşler Amanmyrat Orazow bilen Toýly Çopanowyň işlerinde bolsa ýaşulularyň portretlerini hem-de köp figuraly eserleri görüp bilýäris. Sapa Pürliýewiň nakgaş eserlerinde bedew atlaryň keşplerini görmek bolýar.
Adam keşplerinden başga-da her bir döredijilik adamsy daş-töweregini gurşap alýan tebigatyň gözelligini görüp, ony öz döredýän işlerine siňdirýärler. Şahyr ajaýyp goşgularynda, ýazyjy ýürege içgin aralaşýan eserlerinde, suratkeş hem şekile siňen gözel görnüşlerinde gözelligi wasp edýär. Diýmek, suratkeş jennet mekanymyzdan lezzet alyp ýaşaýar, döredýär. Suratkeşiň içki dünýäsini onuň döreden eserlerinde görmek bolýar. Nakgaşçylygyň peýzaž görnüşinde ýerine ýetirilýän işlerde suratkeşler dürli reňk öwüşginleriniň üsti bilen tebigatyň gözelligini wasp etmäge çalyşýarlar. Şunuň ýaly eserlerde ýyly we sowuk reňk sazlaşygy örän owadan görnüşi emele getirýär. Çeper sungatyň köplenç özenini tebigatdan alyp gaýdýanlygy, megerem, şonuň üçindir. Tebigatda hiç bir zat beýleki birine meňzeýän däldir. Olar reňk tarapdan-da, görnüşi boýunça-da bir-birinden tapawutlydyr. Dogrudanam, tebigatyň reňkleri biziň hyýala getiriş ukybymyzdan juda baý öwüşginlere eýedir. Şeýle öwüşgine baý bolan eserler kalbyňda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary oýarýar. Şeýlelikde, tebigatyň bu ajaýyp täsirleri zehinli suratkeşler Öwezmuhammet Akmuhammedow, Amanmuhammet Aşyrgeldiýew, Baýdurdy Berdiýew, Berdi Çaryýew, Atajan Baýramow, Enejan Garaýewa ýaly mugallymlaryň eserlerinde hem dolylygy bilen gaýtalanýar.
Toparlaýyn sergä gatnaşýan suratkeşleriň eserlerini synlanyňda, şol eserleriňem biri-birinden tapawutlanýandygyny gös-göni işlere seredip bilýäris. Olaryň arasynda suratkeş Myrat Hojagulyýewiň abstraksiýa işlerini, Döwletgeldi Durdyýewiň hem-de Merjen Amangylyjowanyň portretlerini, Aleksandr Kinyakiniň hem-de Mähri Çaryýewanyň grafika işlerini, Laçyn Toýlyýewanyň miniatýuralaryny bellemek bolar. Sergide Çary Amanowyň hem-de Seljuk Ýarmämmedowyň çaga hem-de zenan keşplerini wasp edýän heýkel eserleri tapawutlanýar. Heýkeltaraşlyk sungaty dürli görnüşde, ululy-kiçili göwrümde bolup, her biriniň öz many-mazmuny bar. Heýkeller portret görnüşinde bolýar, ýa-da bolmasa, uly göwrümdäki adamyň durky şekillendirilen görnüşinde, her bir tema laýyklykda, olaryň göwrümi özüne mahsus bolan meýilnama esasynda döredilýär. Ýasalan heýkelleriň göwrümleriniň çugdamlygy, hakykylyga ýakynlygy, täsin taslama gurluşlary bilen tomaşaçylarda täsir galdyrýar.
Ýokarda agzalan sergi işleriniň arasynda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlaryň zergärçilik işlerem halk köpçüligine hödürlendi. Kakamyrat Çaryýew, Şöhrat Sapargeldiýew ýaly ussat zergärleriň elinden çykan nepis şaý-sepler gözellik nusgasy bolup görkezilendir. Bu ýerde gelin-gyzlaryň dakynýan şaý sepleri ýerleşdirilipdir. Olardan başgada ýurdumyzyň gözel binalary zergärçilik sungatyň üsti bilen wasp edilipdir. Zergärler bu şaýlaryň her birine özüniň zehinini, yhlasyny siňdirip, çäksiz söýgi bilen ýasapdyrlar. Suratkeş mugallymlaryň zergär eserleriniň ýasalyşy taýdan ýönekeý ýaly bolup görünseler hem olary ýasamakda-da zergärçilikde ulanylýan inçe tilsimlerden ezberlik bilen peýdalanypdyr.
Reňkleriň utgaşmasy özboluşly sazlaşykda möhüm ähmiýete eýedir. Biz her bir döredilen eserlerde goý ol nakgaş, grafika eserleri ýa-da zergär, heýkel eserleri bolsun, olaryň ýüzündäki beýan edilýän zatlary synlap, aňymyza ornaşdyrjak bolýarys. Şonda reňk biziň şoňa akyl ýetirişimizi belli bir ugra gönükdirýär. Ol eseriň mazmunyna dogry düşünmegimize kömek edýär. Reňkleriň şeýle sazlaşygyny ulanyp bilmek eýýäm sungat ussadynyň kämilliginden habar berýär. Dogrudanam, tebigatyň reňkleri biziň göz öňüne getiriş ukybymyzdan juda baý. Öwüşgine şeýle baý bolan eserler kalbyňda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary oýarýar. Şeýlelikde, her bir döredijilik işgäriniň daş-töweregini gurşap alýan adaty durmuşdan, gözel tebigatdan alýan täsirleri sungat ussatlarynyň eserlerinde dolulygy bilen gaýtalanýar. Netijede, göze, göwne ýakymly eserler dünýä inýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kalplary öz Watanyna bolan söýgüden doly Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň we sungat işgärleriniň döreden ajaýyp eserlerinden düzülen sergä tomaşa etmäge gelýänler ol işleri synlap, türkmen suratkeşiniň zehininden dörän sungat eserleriniň jadylaýjy reňkleri, owadan tebigy we döwrebap göwrümleri bilen tomaşaçyny özüne çekýändigine göz ýetirerler. Bu çeperçilik ýolundaky üstünlikler, türkmen nakgaşçylarynyň düýpli aňyýete ýugrulan umumadamzat düşünjelerini özünde jemleýändigine güwä geçýär.