MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY AHAL WELAÝATYNYŇ TÄZE, DÖWREBAP EDARA EDIŞ MERKEZINDÄKI GURLUŞYKLARYŇ BARŞY BILEN TANYŞDY
15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz bu ýerde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri we bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyryny ýokary hilli tamamlamak bilen baglanyşykly öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işlerde hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.