Hoşallyk dabarasy


Hoşallyk dabarasy



Medeniýetiň, sungatyň hak howandary hormatly Prezidentimiz söze, saza, döredijilik bilen meşgullanýan adamlara uly sarpa goýup, bu ugurda zerur bolan ähli döwrebap şertleri yzygiderli döredip berýär. Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde açylan köpugurly «Jahan» döredijilik merkezi hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklarydyr görkezmelerine laýyklykda, täze açylan binadaky sazçylyk, nakgaşçylyk, tikinçilik, tansçylyk ýaly döredijiligiň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilen otaglar häzirki zamanyň kämil saz gurallarydyr iş enjamlary bilen üpjün edilip, olarda ähli döwrebap şertler göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi ýurdumyzda çeper döredijiligiň, milli senedimiziň has-da galkynmagynda, medeniýet, sungat ulgamynyň döwrebap derejede täze ösüşlere eýe bolmagynda uly ähmiýete eýedir.
31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy mynasybetli «Jahan» döredijilik merkeziniň açylmagyna bagyşlanyp hoşallyk dabarasy geçirildi. Bu dabara medeniýet ulgamynda zähmet çekýän medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Dabara gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine girişen gününden bäri türkmen sungatyny, medeniýetini, edebiýatyny ösdürmek, ýokary derejelere çykarmak, täzeçilik ugrunda örän möhüm başlangyçlary durmuşa geçirýändigi barada gürrüň berdiler. Medeniýet we sungat wekilleri döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, milli senedimizi geljekki nesillere ýetirmekde-de örän uly jogapkärçilik duýýarys. «Jahan» döredijilik merkezi biziň üçin ýene-de bir Şa serpaýy boldy diýip Hormatly Prezidentimize minnetdarlygyny bildirdiler. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýunyň toýlanylýan günlerinde açylan täze merkez hormatly Arkadagymyzyň milli sungatymyza, medeniýetimize goýýan hormat-sarpasyny ýene bir gezek älem-jahana buşlady. Dabaranyň sonunda Garaşsyz Baky Bitarap ýurdumyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlar ýaňlandy.