Keselleriň öňüni alamak çäreleri


Keselleriň öňüni alamak çäreleri



Güýz paslynda tebigata salkyn arap, howa häli-şindi üýtgäp, adam bedeninde käbir özgerişlikleriň bolup geçmegine, dem alyş ýollarynyň ýiti sowuklama we ýiti respirator ýokanç keselleri bilen kesellemegine şertler döreýär.
Ýiti respirator ýokanç kesellerini wiruslar döredýärler. Ýiti respirator ýokanç keseli dem alyş ýollarynyň, şeýle hem burnuň, gulagyň we bokurdagyň ýokanjydyr. Ýiti respirator ýokanç keseli adam bedeniniň gowşamagy, kellagyry, gyzgynyň ýokarlanmagy, asgyrma, burundan suw akma, gözleriň ýaşarmagy, gijemegi ýaly alamatlar bilen ýüze çykyp başlaýar. Ol howa-damja ýollary bilen, şeýle hem gündelik ulanylýan zatlaryň, çaga oýunjaklarynyň üsti bilen ýokuşyp biler. Ýiti respirator ýokanç keseli çalt ýaýraýan we gysga wagtda birnäçe adama ýokuşyp bilýän keseldir. Keseliň ilkinji hepdesinde onuň ýaýradyjylyk we ýokuşmak howpy güýçli bolýar.
Bu keseliň öňüni almak üçin degerli çäreleriň biri burun boşlugyna oksolin melhemini çalmakdyr. Nahar taýýarlamaga girişmezden, çagany naharlamazdan we nahar edinmezden öň, şeýle-de daşardan gelnende, eliňi sabyn bilen gowy ýuwmalydyr. Çagalara köpçülik ýerlerinde: mekdepde ýa-da başga ýerlerde bolanlarynda howpsuz araçägi saklamagy, ýany bilen arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy almagy, çygly ýada antiseptik esgileri ýanlarynda götermegi, ellerini hemişe arassa saklamagy, agyz-burun örtügini hökmany dakynmagy tabşyrmalydyr.
Bedeniniň sagdyn bolmagy, ösmegi we kesellerden goranyş güýjüniň derejesini artdyrmak üçin witaminlere baý bolan gök önümleri, ir-iýmişleri iýmelidir. Näsag keseliň ilkinji alamatlarynynyň ýüze çykan pursadyndan başlap, keseli daş-töweregindäkilere ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin öýde bolmalydyr we lukmana ýüz tutmalydyr. Özbaşdak bejergi geçirmek, derman serişdelerini peýdalanmak ýiti respirator ýokanç keseliniň täsirini güýçlendirip, dürli gaýraüzülmelere getirip biler.
Näsagy aýratyn otagda ýerleşdirmelidir. Onuň ulanýan zatlaryny ýuwup, ütükläp durmalydyr. Ulanýan gap-gaçlaryny gyzgyn suw bilen ýuwulmalydyr. Näsagyň otagyny wagtal-wagtal ýelejiretmelidir. Zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen çygly arassalanmalydyr. Otaglarda üzärlik tütetmelidir. Ertirki maşklar, ylgaw, pyýada ýöremek, welosipedli gezelenç etmek ýokanç kesellerden goranmagyň we bedeniň kesellere garşy durujylygyny taplamak üçin maslahat berilýän endiklerdir.
Kadaly we dogry iýmitlenmek adama güýç, saglyk berýär, sazlaşykly we doly ösüşi üpjün edýär, kesellerden goraýar we ýokanç kesellere garşy göreşmäge ýardam berýär. Gündelik witaminlere, minerallara, mikroelementlere baý miweleri, ir-iýmişleri, gök we bakja, süýt we süýt önümlerini köp mukdarda iýmelidir. Mundan başgada, limon atylan, ary baly, mürepbe garylan gök çaý, ter we kakadylan miweleriň şiresi, gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň täze sykylyp alnan şiresi, süýt we süýtturşy önümleri, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden narpyzyň, ýandagyň, itburnuň, çopantelpegiň, injir ýapragynyň demlemesi lukmanyň maslahaty bilen içilmelidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş sanjymlary ýokary hilli waksinalar bilen geçirilýär. Öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öz wagtynda almalydyr.

Gurbanjemal ARTYKOWA