TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI ATAGELDI GARÝAGDYÝEWIŇ 70 ÝAŞ TOÝY MYNASYBETLI DÖREDIJILIK AGŞAMY GEÇIRILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, köp öwüşginli ruhy dünýämizi döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar» diýip, parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, bagtyýar türkmen halky özboluşly sungaty, baý medeniýeti bilen dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr.
Şonuň bilen birlikde türkmen aýdym-saz sungatynyň has-da kämilleşmegine mynasyp goşant goşan halypalara döwlet derejesinde uly hormat goýulýar. Türkmen aýdym-saz sungatynyň dünýä çykmagynda köp işleri bitirýän halypa sungat ussatlarymyzyň biri-de, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewdir. 2022-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaş toýy mynasybetli döredijilik agşamy geçirilmegi-de munuň aýdyň nyşanydyr.
Döredijilik agşamynda halypa aýdymçynyň kärdeşleri, şägirtleri, aýdymçylar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, ussat ýazyjy-şahyrlar, teatr artistleri çykyş edip, milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine Atageldi Garýagdyýewiň uly goşandynyň bardygyny tekrarladylar.
Döredijilik duşuşygynyň başynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ömri we döredijiligi hakynda wideorolige tomaşa edildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory, halypa aýdymçy A. Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine, Daňatar Hydyrowyň sazyna döredilen «UZAK ÝAŞA ARKADAG!», Gurbannazar Ezizowyň sözlerine, Nury Halmämmedowyň sazyna döredilen «MAŇA SENIŇ GÖZLERIŇDEN GITME ÝOK», «AŞYK SERHETÇINIŇ AÝDYMY», «ŞAHYR DÜNÝÄSI», «GYZLARYMA», «TÜRKMEN SÄHRASY», «DOSTLARYMA», şeýle hem nusgawy we döwürdeş şahyrlarymyzyň hem-de kompozitorlarymyzyň döreden ajaýyp aýdym-saz eserleri, halk aýdymlaryndan düzülen konsert çykyşlaryna tomaşa edildi.
Mälim bolşy ýaly, Atageldi Garýagdyýew 1952-nji ýylyň 23-nji martynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Aşgabat geňeşliginde eneden bolýar. Ol 1980-nji ýylda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyny tamamlap, opera we konsert aýdymçysy hünärine eýe bolýar. Şol ýyl Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet akademiki opera we balet teatrynyň opera aýdymçysy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Soňra ol Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň birinji derejeli solist-wokalisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň dosent wezipelerinde işläp, adamlara şatlyk paýlamasyny, bu ugurdan şägirt ýetişdirmegini dowam etdirýär. Ol şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansamblynyň we konsert ussatlygy kafedrasynyň ilýustratory, Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň ýokary derejeli solist-wokalçysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça aýdymçy artisti wezipelerinde işleýär.
Ýurdumyzda opera we konsert aýdymçysy hökmünde uly meşhurlyga eýe bolan Atageldi Garýagdyýew dürli ýyllarda iş hem döredijilik saparlary bilen Russiýa Federasiýasynyň şäherlerinde, Awstriýa, Türkiýe, Italiýa, Gyrgyzystan, Gazagystan Respublikalarynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Belgiýada bolup, milli we dünýäniň nusgawy aýdym-saz eserlerini aýdymlary ýerine ýetirmek arkaly köp sanly
diňleýji-tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Ol ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän toý dabaralarda Magtymguly Pyragynyň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Gurbannazar Ezizowyň we beýleki şahyrlaryň goşgularyna ýazylan aýdymlary, romanslary ýerine ýetirmek bilen, öz diňleýjileriniň göwnüni awlamagyny dowam etdirýär we täze döredilen aýdymlar bilen olaryň üstüni ýetirýär.
Atageldi Garýagdyýew 1990-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1996-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara mynasyp bolýar. Ol 1997-nji ýylda «Galkynyş» ordeni, 1999-njy ýylda «Gaýrat» medaly, 2001-nji ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy. Ussat aýdymça «Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy» diýen hormatly at berildi.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň, belli artistleriň, Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarydyr talyplaryň, ýazyjy-şahyrlaryň žurnalistleriň, halypanyň aýdymlarynyň muşdaklarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu ajaýyp sungat baýramy ýurdumyzda milli medeniýetimiziň hil taýdan täze derejelere göterilýändigini aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Ýurdumyzyň aýdym-saz sungatyny ösdürmekde, ýaşlara halypalyk etmekde, olara aýdym-saz sungatynyň aýratynlyklaryny, inçe tilsimlerini öwretmekde köp işleri alyp barýan, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulysy Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaş toýy mynasybetli döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar, eziz Watanymyzda aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine giň mümkinçilikleri döredýän, milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda yzygiderli
goldaw-hemaýatlary berýän Arkadagly Serdarymyza, agzybir halkymyzy ajaýyp döwre ýetiren Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdyp, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent maksatlary hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Agamyrat BALTAÝEW