TOMSUŇ ÇOGLY GÜNLERINDE
Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti
şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly, dogry berjaý et-melidir.
Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukmanyň gözegçiliginde bol-maly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak mas-lahat
berilmeýär. Möhüm zerurlyk bolmasa, irden sagat 9:00-dan öýlän howanyň
salkynlaýan mahalyna — 18:00-a çenli daşary çykmazlyk, möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýinmek, Günüň şöhlesinden goran-mak üçin kellä başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär. Şeýle-de günüň dowamyn-da gerekli mukdarda — 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli. Tomsuň yssy günlerinde daga, açyk meýdanlara gezelençleri guramazlyk, açyk meýdan-da işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek maslahat berilýär.
Tomus aýlarynda iýmit önümlerine has ünsli bolmaly. Gök-bakja önüm-lerini, miweleri, süýt we süýt önümlerini köpräk ulanmaly. Ýagly we ajy ta-gamlardan daşda bolmaly. Kakadylan et we balyk önümlerini, şöhlady iýmiti-ňizden aýyrmaly. Naharlar, esasan, gaýnadylan we buglanan görnüşinde taý-ýarlanylmalydyr.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.