GYŞ: KADALARY BERJAÝ EDELIŇ!


GYŞ: KADALARY BERJAÝ EDELIŇ!



Howa. Hemişe howa ýagdaýlaryna ünsli bolmaly. Sowuk howada adam bedenini gyzdyrmak üçin köp energiýa sarp edýär. Gyşda Gün şöhlesiniň ýeterlik derejede bolmazlygy bedeni tapdan düşürip bilýär, şoňa görä-de bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybynyň peselmeginiň, nerw dartgynlylygynyň, sussupesligiň, ukuçyllygyň, ysgynsyzlygyň öňüni almak üçin möwsümleýin kadalary berk berjaý etmek zerurdyr.

Iýmitlenmek tertibi. Gyşda ýüze çykýan nähoşluklara garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, dogry iýmitlenmäge çalyşmaly. Iýmit önümleri her bir adamyň bedeniniň kuwwatly bolmagyny we kesellere garşy göreşijilik ukybyny üpjün etmelidir. Kadaly, dogry iýmitlenmek adama güýç, saglyk berýär, sazlaşykly hem-de doly ösüşi üpjün edýär, kesellerden goraýar, ýokanç kesellere garşy göreşmäge ýardamyny ýetirýär. Sagdyn bolmak üçin dürli nygmatlardan her gün işdä bilen iýip durmaly. Adamlar öz gündelik iýmitinde miweleri, ir-iýmişleri, ter gök-bakja, süýt we süýt önümlerini gerekli mukdarda ulanmalydyr. Witaminlere, minerallara baý, bedenden zäherli maddalary (toksinleri) çykarmaga kömek edýän miweleri, gök önümleri iýmeli. Mundan başga-da, ter we kakadylan miweleriň gaýnatmalaryny (kompot), gök önümleriň, miweleriň täze sykylyp alnan şiresini, narpyzyň, ýandagyň, çopantelpegiň, buýan köküniň demlemesini peýdaly içgiler hökmünde ulanmak maslahat berilýär. Sitrus miwelerinde (limon, apelsin, mandarin we ş.m.) witaminler uzak wagtlap saklanýar. Gök-bakja önümleri, gök otlar, süýt we süýt önümleri, ösümlik ýaglary peýdalydyr. Iýmitlenmek tertibinde balykdyr ýumurtga hem orun berilmelidir. Şol bir wagtda däneli ösümlikleri-de (süle, greçka, tüwi) ýatdan çykarmaly däl.
Gyş paslynda adam bedenine mikroelementler has zerurdyr. Kalsiniň esasy çeşmesi süýt we süýt önümleri hem-de kakadylan miwelerdir (injir, erik, kişmiş we beýlekiler). Demir etde, noýbada, greçkada, bagyrda, ýumurtganyň sarysynda, şokoladda, almada, kakadylan miwelerde kän. Ýod deňiz önümlerinde, kelemde, ýodlanan duzda köp mukdarda saklanýar. Sink bolsa balykda, hurmada, peýnirde, sygyr etinde bardyr. Bugdaý unundan taýýarlanan, içi ajy gyzyl burçly unaşy içmek sowuklamanyň we ýiti respirator keselleriň öňüni almakda juda ähmiýetlidir.

Bedeni taplamak we pasla görä geýinmek. Howa adam bedenindäki maddalaryň alyşçalşygyna, synalaryň hereketine täsir edýär. Ýurdumyzda gyş paslynda hem gök öwsüp oturan bagy-bossanlyklaryň, seýilgähleriň howasy bolsa diňe bir dem alşa ýakymly bolman, eýsem, adamyň bütin bedenine oňaýly täsirini ýetirýär. Ulular, kiçi ýaşly çagalar, ýetginjekler, gartaşan adamlar arassa gyş howasynda işjeň hereket bilen bedeni taplamagy, pasla görä geýinmegi endik edinmelidirler. Açyk howada gezelenç edilende, olar galyň geýnenlerini gowy görýärler. Bu ýagdaý adamyň endigine giren hem bolsa, aşa galyň geýinmek maslahat berilmeýär. Sowuk şemally howada, hökmany suratda, adamyň başy ýyly ýaglyk ýa-da başgap bilen örtülen bolmalydyr. Gyş paslynyň aýazly howasynda aýakgaplaryňyz özüňize laýyk, rahat we ýyly, dabany, mümkin boldugyça, düz bolmalydyr. Aýaklaryň üşemegine ýol bermeli däl, ylaýta-da, bu meselede çagalara has ünsli çemeleşmek maslahat berilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.