Arassaçylyk saglykdyr
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tertipnamasynda saglyk hakynda: «Saglyk — bu diňe bir keselleriň we maýyplaryň ýoklugy bilen kesgitlenýän hal däl-de, eýsem, beden saglygynyň, ruhy we durmuş abadançylygynyň ýagdaýy» diýlip bellenýär. Şonuň üçin lukmançylykda ilkinji nobatda arassaçylyk talap edilýär. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy şertleriniň biri arassaçylykdyr.
Adamyň ruhy-da, bedeni-de, sözleýiş dili-de arassa bolanda, ynsan has owadan görünýär. Ýaşalýan otaglaryň, iş ýerleriniň, dynç alynýan ýerleriň, üst-başynyň, bedeniniň arassa bolmagy adamyň ruhuny göterip, ýaşamaga höwesini artdyrýar.
Her gün iki sagada golaý arassa howada gezelenç etmek lukmanlar tarapyndan maslahat berilýär. Şeýle gezelenç gany kislorod bilen baýlaşdyrýar, bedeniň iýmit çalşygyny gowulandyrýar. Bulardan başgada, iýmit iýlende hem arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý edip, ir-iýmişleri, gök önümleri akar suwda gowy edip ýuwmaly. Naharlanmazdan öň, elleri sabyn bilen ýuwmagy ýatdan çykarmaly däl.
Biz il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän lukman Prezidentimiziň il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny beýik Biribardan dileýäris.
Amangül REJEPOWA