Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Arkadag şäherine gezelenç etdiler


Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Arkadag şäherine gezelenç etdiler



Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň Arkadag şäherine eden gezelenji boldy. «Arkadag» gazetinde habar berlişi ýaly, Mejlisiň deputatlarynyň Arkadag şäherine gezelenji Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleri wagyz etmek çäresi bilen berk bagly boldy.

Deputatlar gezelenjiň dowamynda Arkadag şäheriniň Bagt köşgüne, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna, Ruhyýet köşgüne, köpugurly hassahanasyna, şeýle-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine baryp gördüler.

Gezelenjiň dowamynda ýurdumyzyň ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri bilen bagly täsirli gürrüňler edildi.