AJAP EÝÝAMYNYŇ JANLY ÝODASY


AJAP EÝÝAMYNYŇ JANLY ÝODASY



Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýörite Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginde “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly uly göwrümli geçiriljek çäräniň Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ýaş ussat hünärmen suratkeşleriniň gatnaşmagyndaky toparlaýyn serginiň açylyşyna döredijilik işgärleriniň ählisi uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde döredijilikli işläp, özlerini görkezen ýaş suratkeş mugallymlarymyzyň ýerine ýetirmegindäki, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini dabaralandyrýan we gözel tebigatymyzy wasp edýän döwrebap, “millilik äheňindäki” nakgaşçylyk we amaly-haşam sungatynyň eserleri surat ýoluna düşen ýaş zehinleriň döredijilik ýörelgesinde täze öwüşginli sahypany açýandyr.
Zenan döwrüniň ýaş aýratynlyklaryny we häsiýetli alamatlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetiren suratkeşimiz Gunça Myradowanyň eserlerinde gadymy müsür sungatynyň “faýum” portretlerindäki gahrymanlar hamala täzeden janlanýan ýaly. Gunça mugallymyň döredijilik ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Täze ýylyň beýik şygaryny göterýän bu ajaýyp sergide türkmen halkynyň buýsanjy bolan, ahalteke bedewleriniň şanyna bagyşlanan şahyrana eserleriň joşgunly owazy uzaklardan ýaň salýar. Türkmen bedewleriniň gözel syratyny çeper suratlandyran Atajan Baýramowyň işlerinde türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewleriň asyllylygy, ýyndamlygy, gözelligi, owadan we syratly keşbi nakgaşçylyk teswirliginde özüniň aýdyň şöhlelenmesini tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabyny özüne ylham çeşmesi edinen we ondan ruhlanyp, A.Baýramow, S.Pürliýew dagylar merdana milletimiziň şan-şöhrata, abraý-mertebä, eýe bolan türkmen bedewleriniň çeper keşbini döretmegiň hötdesinden gelýärler. Olaryň eserlerinde bedew çalasynlygyny, syratlygyny we mähirliligini şekillendirmek sungatynyň labyzly serişdeleri arkaly tomaşaçylaryň kalbyny maýyl edijilik howasy bilen gurşap alýar. Türkmen ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä derejesinde hem örän ýokarda durýandyr.
Amaly-haşam sungatynyň iň ýokary çeperçilik tälimlerini ussatlarça ulanan Şazada Orazberdiýewiň zergärçilik önümlerinde “millilik duýgusy” eriş-argaç bolup geçýändir.
Täze döwrebap ülňülere esaslanyp, gelin-gyzlarymyz üçin niýetlenen şaý-sepleriň täzeden işlenen görnüşlerini getirip görkezýär. Dünýäde iň owadan türkmen zenanlarynyň görküne gözellik çaýýan bu şaý-sepleriň haşam we nepis bejergisi, suratkeşiň ýokary çeperçilik ussatlygyndan habar berýär. Şeýle hem ol özüniň döredijiliginde bu günki gün beýik ösüşlere beslenýän Watanymyzda türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerini, edim-gylymlaryny dikeldip görkezýär. Türkmenistanyň milli nyşanlary bolan ahalteke bedewiniň çeper keşbini, her dürli täze gözlegleriň üsti bilen açyp görkezmäge çalyşýar. Häzirki zaman binagärçilik desgalarynyň şekilleri, şol sanda Garaşsyzlyk binasynyň öňünde bedewleriň gelşikli syraty sazlaşykly utgaşdyrylyp getirilýär.
Indiki gujurly zehinimiz bu biziň çeperçilik mekdebimizde işläp, özüni ökde hünärmen hökmünde tanadan ýaş suratkeş Enejan Garaýewanyň eserlerinde syrly zenan dünýäsiniň inçeden şahyrana duýgularyny yzarlamak mümkindir. Bu Zenan suratkeşiniň döredijiliginde natýurmort žanry aýratyn orun eýeleýändir. Uly ölçegli bu natýurmort işi millilik äheňleriniň däplerini özünde jemleýändir. Her dürli görnüşli küýze önümleriniň aýdyň we takyk göwrümleri ýagly boýaglar arkaly kendir ýüzüne geçirilendir we şol bir wagtyň özünde ýagty we kölegäni görkezýän öwüşginli reňk oýnunyň sazlaşygy bu taslamanyň görküne görk çaýýandyr.

Çeperçilik mekdebimiziň halypa mugallymy A.Kinýakinyň döreden işleri aýratyn öwgä mynasypdyr. Ol milli tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny, gül-çemenli meýdanlaryny uly ruhlanma bilen suratlandyrýar. Suratkeşiň öz eserlerinde biziň gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy, adatlarymyzy millilik äheňinde täzeden dikeldip görkezýär.
Şeýle-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ýaş suratkeş mugallymlary Laçyn Toýlyýewa ajaýyp miniatýura we Merjen Amangylyjowa nakgaşçylyk eserleri bilen sergimizi dowam etdirýärler.
Ýaş suratkeş hökmünde kemala gelen täze nesliň ýokary çeperçilik derejelere ýetmeklerini arzuwlap, olaryň döredijilikli we batyrgaý türkmen sungatyny ösdürmekde, mundan beýläk-de öz saldamly goşantlaryny goşarlar diýip umyt edýäris!

G.Gurbangeldiýewa