Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy



28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi.
Çapyşyklar halkymyzyň iň söýgüli baýramçylyk däpleriniň biridir. Ol nesilden-nesle geçirilip gelinmegi we nesilleriň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garamagynyň netijesinde häzir hem dowam edýär. Biziň günlerimizde özüne çekiji bu ýaryşlar, elbetde, gadymy döwürler bilen deňeşdireniňdäkiden düýbünden başga şertlerde geçýär.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarda gurlan ajaýyp atçylyk sport toplumlary ýyndam bedewleriň çapyşyklaryny ýokary hünär derejesinde geçirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi sporta degişli bolmakdan-da ötri, hemişe milli medeniýetiň baý öwüşginli tomaşasy bolup, täsir galdyrýan mazmuny boýunça has giň gerimli waka öwrülýär. Ahalteke tohum atlarynyň dünýädäki şöhratyny gorap saklamak we has-da artdyrmak işindäki örän uly hyzmat hormatly Prezidentimize degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde atçylyk pudagy kuwwatly ösüşe hem-de iň döwrebap düzümlere eýe bolup, ýurdumyzy tutuş dünýä atçylygynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde täzeden dikeltdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns bermegi netijesinde bolsa ähli uly baýramçylyklarda ýurdumyzda hökman atlar gatnaşýar. Garaşsyzlyk gününde Aşgabatda baş meýdançada geçirilen dabaraly ýörişde hem olar aýratyn orny eýeledi.
Irden Köpetdagyň eteginde ýerleşen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ählumumy ruhubelentlik we ýokary göteriliş ýaýbaňlandy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar ýygnandylar.
Toplumyň çäkleri döwlet baýdaklary, dürli reňkli şarlaryndan we beýleki bezeg serişdelerinden ybarat bolan görnüşler bilen bezelipdir, seýilgähleriň ugurlarynda amaly-haşam sungatynyň hem-de häzirki döwürde-de, biziň şöhrata eýe bolan egsilmez we deňsiz-taýsyz mirasymyzy görkezýän sergiler ýaýbaňlandyryldy.
Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen çapyşyklar bir demde geçip, hemmelere ençeme tolgundyryjy täsirleri bagyş etdi. Bu owadan tomaşa ýyndamlygynda hiç bir böwedi bilmeýän, şöhratly ganatlarynda edermen söweşijileri, mähriban topragynyň azatlygyny goran merdana batyrlary, türkmen halkynyň taryhyna ajaýyp beýik sahypalary ýazan mert söweşiji zenanlary hem-de ady rowaýata öwrülen serkerdeleri alyp barýan bedewleriň keşbini döredýär.
Hut bäsdeşlik ruhy, hyjuwly ýürekler bu tomaşa hemişe ýiti duýgulary berip gelýär. Şoňa görä-de, häzir bu dessur diňe bir berjaý edilmän, eýsem, täze röwüşde gaýtadan dikeldi. Bu bolsa ýyndam ahalteke bedewleriň nurana we şugla saçýan gözelligine mynasypdyr.
Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Olara baýraklar, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baýrak gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmegi höweslendirmegiň, ýüwrük bedewleri terbiýelemegiň hem-de ussat çapyksuwarlary taýýarlamagyň ýene-de bir çäresidir. Muňa bolsa döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde wajyplygyny has-da artdyryp, uly ähmiýete eýe bolan milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hökmünde uly üns berýär.
Çapyksuwarlar milli atşynaslygy we atçylyk sportuny ösdürmek baradaky aladalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň atçylygynyň şöhratly däplerini gorap saklamak, ahalteke tohumlaryny mundan beýläk-de wagyz etmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Asyrlaryň dowamynda türkmenler edermen harbylar we ajaýyp çapyksuwarlar hökmünde tanalypdyrlar, emma häzirki döwürde biziň halkymyz öz täze taryhyny döredýär, parahat toprakda özüniň bagtyýar ykbalyny gurýar. Ahalteke bedewleri halkymyzyň durmuşynda henizem uly orun eýeleýär—ýöne, häzir olaryň wezipesi öz täsin sazlaşyşy bilen asyllylygynda, sagdyn, mizemez ruhy, kämillige bolan ymtylyşy üpjün etmekde, belent maksatlary berkarar etmekde hem-de mähriban Watanymyza buýsanç duýgularyny berkitmekde jemlenýär.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk çapyşyklar tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisi bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Baýramçylyk çapyşyklary tamamlandy, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolsa aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy dowam etdi, tomaşaçylar pikirlerini hem-de täsirlerini paýlaşýardylar.