Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi öz işine başlady


Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi öz işine başlady



10-njy oktýabrda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi öz işine başlady. Günüň ikinji ýarymynda bolsa onuň çäklerinde ylmy maslahat geçiriler.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna bagyşlanan nobatdaky gözden geçiriliş Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenleri hem-de hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Şu günki sergä halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri, lukmançylyk, sport enjamlaryny öndürmäge, bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga ýöriteleşen 30-dan gowrak ýurdundan 150-den gowrak kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahat bolsa dünýäniň 20-ä golaý döwletinden daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryny, professorlaryny bir ýere jemlär.