ÝURDUMYZYŇ WE JEMGYÝETIMIZIŇ ÖSÜŞINE GOŞANT GOŞANLARA WATANYŇ SYLAGLARY


ÝURDUMYZYŇ WE JEMGYÝETIMIZIŇ ÖSÜŞINE GOŞANT GOŞANLARA WATANYŇ SYLAGLARY



26-njy sentýabrda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleriniň işgärlerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

* * *

Şol gün paýtagtymyzda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.