Milli Liderimiz Balkan welaýatynda täze desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy


Milli Liderimiz Balkan welaýatynda täze desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy



14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherin-de “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Şol gün döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz Aşgabada gaýdyp geldi.
Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Onuň dowamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça çäreler, şanly senelere taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.