Türkmenistanyň
Prezidentiniň
PERMANY
«Türkmenistanyň at gazanan artisti»
diýen hormatly ady dakmak
hakynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat işgärleri yhlasly, tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri we ösüşleri, döwletimiziň dünýä ýüzündäki belent at-abraýyny ýokary derejede wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge uly goşant goşýarlar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan saldamly goşantlary üçin, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu medeniýet işgärlerine
«Türkmenistanyň at gazanan artisti»
diýen hormatly ady dakmaly:
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Amangeldiýewiç Haýdarowa,
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň çagalar we ýetginjekler bilen işleýän hünärmeni Aly Täçgulyýewiç Alyýewe,
Mary welaýatynyň Mary şäher Bagşylar öýüniň akkompaniatory Azat Amanmuhammedowiç Oramadowa.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň
16-njy fewraly.