Bagtyýar geljegiň ýoly


Bagtyýar geljegiň ýoly



Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Halk maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy” atly maslahat geçirildi. Maslahata medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahat şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan, geçen 2021-nji ýylyň jemlerine, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlandy.
Maslahatda çykyş edenler 2021-nji ýylda alnyp barylan işleriň jemleri, Mähriban Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geljekki ösüşlerine badalga berjek kabul edilen il-ýurt bähbitli kararlardyr çözgütler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle-de “Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny tassyklamak hakynda” Kararyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgeden gözbaş alýandygyny guwançly sözler bilen bellediler.

Ogulgurban GOŞLAKOWA