Gerçek ýigit


Gerçek ýigit



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyz günsaýyn ösüşlere we özgerişlere beslenýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň, merkezi geňeşi we Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň guramagynda «Ýeňiş» baýramy mynasybetli «Gerçek Ýigit» atly talyp ýigitlerimiziň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşige gatnaşan talyp ýigitler bäsleşigiň şertlerine laýykda öz aralarynda bäsleşdiler. Bu bäsleşikde çykyş eden türkmen gerçek ýigitleriniň sungata we medeniýetimize goýýan sarpalary, sahna ussatlyklary olaryň başarnyklarynda duýulýar. Biziň ata- babalarymyzdan miras galan nesillerden-nesillere, asyrlardan-asyrlara geçip gelen taryhy wakanyň gerçek ýigidimiz Döwran Şammyýew tarapyndan janlandyrylmagy biziň taryhy sahypamyzyň täze öwüşgin bilen döremegidir. Her bir talyp ýaşlarymyzyň geçmişde türkmen halkynyň gadymy baý mirasynyň bolandygyna buýsanmaga haklydyr.
Sapaýew Sapanyň «Şükür Bagşy» kinofilminiň bir bölümini janlandyrmagy bäsleşige tomaşa etmäge gatnaşan talyplarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu bolsa sungatymyzyň we medeniýetimiziň taryhynyň hiç wagt öçmejekdiginiň has-da mundan beýläkde yz galdyrjakdygynyň janly şaýady bolup durýar.
Eminlerimiz bäsleşige gatnaşan türkmen gerçek ýigitlerine adalatly baha berip gelejekde sungat äleminiň inçe syrlaryny öwrenip has-da kämilleşdirmek üçin zerur bolan maslahatlary berdiler.