«Gadamy batly bedew»
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, goramak we sergilemek arkaly halkymyza wagyz etmek, milli gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyzyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgüsini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen Aşgabat şäher Medeniýet müdürliginiň gurnamagynda «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdürligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergiler zalynda Aşgabat şäher Medeniýet müdürliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdürliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde haly, heýkel, zergär, nakgaş, keramika ýaly okuwçylaryň işinden «Türkmen bedewiniň milli baýramy» mynasybetli «Gadamy batly bedew» atly döredijilik sergisi gurnaldy. Zehinli ýaşlaryň ýerine ýetiren işleri sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Ýaş nesiller okamaga öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.