Ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhraty milletimiziň buýsanjydyr
23-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!» atly çäre geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary N.Rahymowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet sylagyny hem-de Şa serpaýyny gowşurmak dabarasy boldy. Düýn milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat atbakara «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.
N.Rahymow mynasyp bolan sylag-serpaýlaryny buýsanç duýgusy hem-de tolgunma bilen kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tutanýerli zähmetine beren ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny artdyrmaga hem-de tohum aýratynlyklaryny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň seýisleriniň mynasyp neslini ýetişdirmäge geljekde hem önjeýli goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy.
Şu günki dabara ýurdumyzda öz işini birkemsiz ýerine ýetirýän, güýç-gaýratyny, ussatlygyny, bilim-başarnygyny ajaýyp ahalteke bedewlerimizi ösdürmäge sarp edýän adamlara aýratyn üns we hormat bilen garalýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň özboluşly baýlygy we buýsanjy hasaplanylýan ahalteke bedewiniň şanyna şu günki dabaranyň öň ýanynda ýörite sergi guraldy. Onda amaly-haşam, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk eserleri, neşir önümleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň bedewlere bagyşlanan kitaplary görkezildi.
Meşhur ata-babalarynyň şöhratly ýoluny dowam etjek Aşgabat atly taýyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgyny ýazmaga ruhlandyrdy. Milli Liderimiz bu goşgyny ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna we gazanan üstünliklerine bagyşlanan «Aşgabat» atly täze kitabynda ýerleşdirmegi makul bildi.
Merkezi Aziýanyň merjen şäherine bolan söýgini wasp edýän şahyrana setirleriň döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerim Berdimuhamedowyň sazy esasynda ajaýyp aýdyma hem-de bahar baýramynyň belent senasyna öwrülendigini bellemek gerek.
Dabara tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli mirasymyzyň aýawly saklanylmagy we baýlaşdyrylmagy ugrunda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi. Ýelden ýüwrük ahalteke bedewi — türkmen seýisleriniň asyrlaryň dowamynda kemala getiren sungaty bolsa şol mirasyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr.