"GÖZEL BARDYR GÖZELLERDEN ZYÝADA"


"GÖZEL BARDYR GÖZELLERDEN ZYÝADA"



Türkmen maşgalasynda zähmet terbiýesi uly ähmiýete eýe. Bu özboluşly mekdep bolup, ýaşlara hünär öwretmek, öz hünäriň bilen il-günüňe hyzmat etmek ýörelge bolup gelipdir. “El hünäri il gezer” diýlişi ýaly, hünärli gollaryň nusgalyk önümleri nesillere miras galypdyr. Alym Arkadagymyzyň türkmen halysyna bagyşlap ýazan “Arşyň nepisligi”, “Janly rowaýat” atly ajaýyp kitaplary, şeýle hem halk döredijilik eserleridir taryhy maglumatlar muny doly tassyk edýär. Döredijilikli zähmetiň, nesilme-nesil geçip gelen hünäriň netijesinde halkymyz dünýäni haýrana goýýan önümleri öndüripdir. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda beýan edişi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen bütin dünýä çykan, dünýä halklarynyň nepis sungata bolan talapkär isleglerini kanagatlandyran türkmen halylary, keçeleri, ýüpek matalary, palaslary, agarçäkmeni, bagana we silkme telpegi ýaly gymmatlyklary türkmen halkynyň gaýtalanmajak milli hünärmentçiliginiň ösüp ýokary derejelere ýetendigini dünýä äşgär etdi. Nepis çeper döredijiligi we el hünäri bilen dünýä çykyp bilen halkymyz naýbaşy gymmatlyklaryň eýesidir.

Türkmeniň çeper elli, döredijilik aňyýetli gelin-gyzlarynyň dokan halylylarydyr matalary, taýýarlan keçeleri, döreden keşde-nagyşlary we beýleki gymmatlyklary senedi sungata öwürmegiň nusgasy bolup, biziň günlerimize gelip ýetdi.

Taryhy ähmiýetli gymmatlyklary bize miras goýan ene-mamalarymyz ýönekeýje ýüňden haly, palas, keçe ýaly ajaýyp düşekleri taýýarlapdyrlar. Ýüpek gurçuklary idedip, pile ýetişdirip, pileden ýüpek alyp milli lybaslarymyzyň çeper-bezeg bölegi bolan ajaýyp nagyşlary döredipdirler. Zenanlarymyzyň inçe duýguly, joşgunly göwni diňe gözelligiň gözleginde bolup, şol gözlegler hem milli gymmatlyklaryň dürli görnüşleriniň döremegine getiripdir.

Şahyrana halkymyzyň gelin-gyzlary el işleri bilen meşgul wagty haýsydyr bir aýdyma hiňlener. Sallançak başynda balasyny hüwdüläp oturan zenanyň eli hem boş durmaz, ýa alaja işip oturandyr, ýa-da keşde çekip oturandyr. Hem elinden, hem dilinden dür saçýan gelin-gyzlarymyz türkmeniň ýüzüniň tuwagydyr.

19-njy aprelde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Gözel bardyr gözellerden zyýada» ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigi hem gelin-gyzlarymyzyň el işlerini ýerine ýetirmek, halk döredijiliginden hüwdi, nakyl aýtmak, eziz Diýarymyzy, bagtyýar ýaşlygy wasp edýän şygyrlary labyzly okamak ýaly ugurlar boýunça ussatlyklaryny açyp görkezmeklige bagyşlanyldy. Bäsleşige Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalarda, muzeýlerde zähmet çekýän hem-de ýokary, ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş gelin-gyzlar gatnaşdylar we üstünlikli çykyş etdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Diplomlary, Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna uly ynam bildirip: “Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borçlaryny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamyna jogap edip, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen bu bäsleşik çäresiniň gadymdan gelýän el işlerini çuňňur öwrenmekde, olaryň taryhy we medeni ähmiýetini halk köpçüligine giňden ýaýmakda, ýaş nesillerimiziň milli mirasymyza bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrmakda we türkmeniň asylly ýörelgelerine wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, el işleri, çeper okaýyş hem-de halk döredijilik eserlerini ýatdan täsirli aýdyp bermek boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ähmiýeti örän uludyr.

Zenanlaryň sarpalanýan, onuň döredijilikli zähmetine mynasyp baha berilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzyň waspy dillerden düşmesin. Türkmeniň döreden arzyly ajaýyplyklary dünýä ýüzünde dabaralansyn.



Ogultäç HOJANAZAROWA.