TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZYŇ TÄZE DESGALARYNYŇ TASLAMALARY BILEN TANYŞDY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZYŇ TÄZE DESGALARYNYŇ TASLAMALARY BILEN TANYŞDY



22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda guruljak dürli maksatly täze binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Taslamalar bilen tanyşmak üçin döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgüne geldi.
Türkmen paýtagtyny gurmagyň nobatdaky tapgyrlarynyň taslamalary bilen tanyşmak Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ähmiýetli bölegidir. Şu günki çäre milli Liderimiziň golaýda geçirilen iş maslahatynyň barşynda beren tabşyrygy boýunça guraldy. Oňa Milli Ge¬ňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk ge¬ňeşiniň agzalary, birnäçe degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.