Milli Liderimiz welosipedli gezelenç etdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy


Milli Liderimiz welosipedli gezelenç etdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni säher bilen dag eteklerinde welosipedli gezelenç etdi we ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden milli Liderimiziň bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýändigi hemmelere mälimdir.
Milli Liderimiz adaty endigine eýerip, dag eteklerinde welosipedli menzil aşdy we bedewler bilen didarlaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, welosiped sporty bedeni kämilleşdirmäge, onuň kesellere garşylygyny berkitmäge ýardam berýär. Türkmenistanda sportuň bu görnüşiniň ekologiýa taýdan arassalygyna mynasyp baha berilýär. Şonuň netijesinde, welosiped sportunyň muşdaklarynyň sany ýylsaýyn artýar.