Şekillerde türkmen sporty
Mähriban Arkadagymyzyň berkarar döwletimizi täze ösüşlere alyp gitmäge, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amal edilip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli artýar. Ýurdumyzda ynsan saglygy babatda wajyp wezipeler durmuşa geçirilip, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy ugrunda yzygiderli aladalar edilýär.
Ýurdumyzda ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň owalbaşdan ileri tutýan ynsanperwerlik ýörelgelerinden nyşandyr.
Döwrüň sesine ses goşýan ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň wekilleri türkmen sportunyň ösüşini, türgenleriň gazanýan ýeňişlerini, sportuň adam saglygyna peýdasyny wasp edýän ajaýyp eserleri döredýärler. Bu ajaýyp eserler sungaty söýýän adamlarda uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan ýaş suratkeş talyplar türkmen sportuny, sagdyn durmuş ýörelgesini we ýurdumyzyň ekoabadançylygyny wasp edýän ajaýyp eserleri döredýärler. Juwan ýürekden joş alyp çekilen bu surat eserleri täze okuw ýyly üçin suratkeş talyplaryň taýýarlan sowgadydyr.
Zehinli talyplaryň nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty, binagärlik we dizaýn taslamalarynda türkmen sportunyň waspy öz beýanyny tapýar. Sportuň dürli görnüşleri: küşt, ýeňil we agyr atletika, futbol, woleýbol, basketbol, tennis, konkur we türgenleriň çalasynlygy, hüşgärligi ajaýyp taslamalarda suratlandyrylýar.
Ýaş suratkeş talyplar Eziz Kakabaýewiň «Küşt», Yhlas Allanazarowyň «Awiasport», Bagtyýar Begsähedowyň «Konkur», Agaberdi Rejepowyň «Türgenler», Bally Öräýewiň «Küşt çempionynyň stoly» ýaly nakgaşlyk eserlerinde türkmen sportunyň waspy şöhlelenýär.
Döredilen eserleriň arasynda dizaýn taslamalary hem şowly çykypdyr. Jahan Atdaýewanyň «Sagdynlygyň mekany», Jemal Goçgulyýewanyň «Çapyksuwarlar», Arslan Çerkezowyň «Futbol» ýaly dizaýn taslamalarynda täzeçillik, döwrebaplyk duýulýar. Ýaş dizaýner Wepa Annamyradowyň taýýarlan «Sport sagady» atly işi täsirliligi bilen tapawutlanýar. Bu sagat ýaşyl reňkli dikligine gönüburçly görnüşde şekillendirilip, onuň merkezinde üçburçluk, daş-töwereginde dürli tegelek aýlawlar sazlaşykly ýerine ýetirilipdir. Taslamany baýlaşdyrýan ýaşyl reňkler tebigatymyzy alamatlandyrýar. Ýaşyl öwsüp duran baglar daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmekde esasy serişde bolup hyzmat edýär. Olaryň ekologik ähmiýeti örän uludyr. Dörediji adamlar daş-töweregindäki gözel, geň-enaýy zatlardan ruhlanyp, ajaýyp eserleri döredýärler. Ýerine ýetirýän işlerinde özlerine ýakyn reňkleri köp ulanýarlar.
Zehinli talyp Güljahan Geldiýewanyň «Sagdynlyk otagy» atly jaýyň içki bezeg taslamasy özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Binanyň içki bezegine niýetlenen taslamada topuň şekilini alamatlandyrýan oturgyçlar, futbol meýdançany ýatladýan düşekçe we çyralar hem topuň sudurynda görkezilipdir. Bu dizaýn işi sport dünýäsini ýatladýar.
Binagär talyplaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýän taslamalary täze okuw ýyly üçin gymmatly sowgat boldy diýip aýtmak bolar. Begli Ataýewiň «Küşt merkezi», Laçyn Ataýewanyň «Sport sergi zaly», Astan Eýeberenowyň «Sport mekdebi», Hemra Annanurowyň «Sport sagaldyş merkezi», Atajan Almazowyň «Stadion», Hekimguly Mustafaýewiň «Suw toplumy» atly taslamalary döwrebaplygy we milliligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerine ýetirilen binagärlik taslamalarynda türkmeniň milliligi duýulýar we döwrebap äheňler bilen sazlaşýar.
Talyp ýaşlaryň zehininden dörän eserleriň her biriniň özeninde watansöýüjilik duýgularyny görmek bolýar. Şeýle hem olaryň reňk saýlaýyşlarynda, galam ýöredişlerinde özleri barada çuňňur aladalary edýän mähriban Arkadagymyza alkyşlaryny aýdyň duýmak bolýar.
Ýazgül BEGNIÝAZOWA