Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy


Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy



Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2020-nji ýylyň mart aýynyň 27-sine «Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy» atly okuw kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada TDÇA-nyň okuw işleri boýunça prorektory Rüstem Annamuhammedow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Sungaty öwreniş kafedrasynyň müdiri Aýjan Kadyrowa, şol kafedranyň uly mugallymy Ogulabat Muhatowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy Jemal Toryýewa hem-de kitabyň awtorlary Jeren Baltaýewa, Azat Alihanow täze neşirden çykan kitap barada çykyş etdiler.

Ilkinji gezek türkmen dilinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymlary Jeren Baltaýewanyň, Azat Alihanowyň «Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy» okuw kitaby neşir edildi. Bu okuw kitaby Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn, Orta, Uzak Gündogar ýurtlarynyň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň binagärliginiň, nakgaşçylygynyň, heýkeltaraşlygynyň, grafikasynyň, amaly-haşam sungatynyň orta asyrlar döwründen XX asyryň başyna çenli geçen taryhyny özünde jemleýär.