MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI YLMY MAKALALAR ÝYGYNDYSY ÇAP EDILER


MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI YLMY MAKALALAR ÝYGYNDYSY ÇAP EDILER



Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy makalalar ýygyndysy neşir edilmäge taýýarlanylýar.

Ýygyndy üç bölümden ybarat bolar. Neşirleriň awtorlary birinji bölümde ýerleşdirilen makalalarda Magtymgulynyň jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlaryny içgin öwrenip şahyryň döwrüniň wakalaryny seljerýärler, olary döredijilik eserlerinde şöhlelendirýärler.

Ýygyndynyň ikinji bölüminde awtorlar öz makalalarynda şahyryň eseriniň filosofiki, terbiýeçilik-ahlak taraplaryny açyp görkezýärler we derňeýärler.

Üçünji bölümde alymlar we mugallymlar Magtymguly Pyragynyň umumadamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak hakyky baýlyga deňelýän goşgulary barada söz açýarlar.

Bu ýygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň ylmy makalalaryndan başga-da S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, şeýle-de, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň we mugallymlarynyň hem-de aspirantlarynyň ylmy makalalary girizildi.

Ýygyndy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasyp sowgat bolar.