TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ BILELIKDÄKI MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ BILELIKDÄKI MEJLISI



27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.
Mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, milli Liderimiz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
2022-nji ýylyň şygary “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edildi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýylyň nyşanynyň taslamasy hödürlenildi.