«Bitaraplyk – biziň baky bagtymyz»


«Bitaraplyk – biziň baky bagtymyz»



«Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» atly şanly ýylymyzda parahat Watanymyz hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýny belleýär. Şol dabaraly toýa Aşgabat şäher Medeniýet müdürliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş bölüminiň 4-nji synp okuwçylary «Bitaraplyk – biziň baky bagtymyz» ady bilen döredijilik sergisini gurnadylar, çekilen suratlarda gurmagyň we döretmegiň ýolunda ösüp barýan ýurdumyzyň bina gurluşyny wasp edip, dünýä ýurtlary bilen Türkmenistan watanymyzyň agzybir dost-doganlyk gatnaşyklaryny wasp edip çekilen suratlary sergilediler. Hemişelik Bitaraplyk baýramyna halkymyz öz sowgatlary bilen baryp, dabaraly geçirýän şadyýan pursatlary suratlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz hemişelik Bitarap watanymyzy ösdürmekde edýän uly aladalaryny, sungatyň üsti bilen wasp edýärler.