Halypany hatyralap
Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkymyzyň milli medeni mirasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ör boýuna galdy. Her bir halk dünýä jemgyýetçiliginde özüniň milli medeni mirasy, däp-dessurlary bilen tanalýar. Türkmeniň milli medeni mirasy barada, onuň esasy şahalarynyň biri bolan milli saz sungaty barada söz açylanda, milli saz sungatyň ägirt sütünleri bolan Gulgeldi ussa, Amangeldi Göni, Şükür bagşy, Mämmetmyrat Ussa, Kel bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Mylly Täçmyrat, Pürli Sary, Jepbar Hansähet göz öňünde janlanýar. Elbet-de, «Könesi bolmadygyň- täzesi bolmaz» diýleni. Türkmeniň milli dutar senediniň syrly perdelerinde gizlenip ýatan, döwrüň wakalaryny türkmeniň şöhratly geçmiş ykbalyny saz eserleri bilen baglanyşdyryp, geljekki nesillere ýetirmegi başaran ussatlaryň, saz sungatymyzyň millilik derjesine ýetmegi üçin goşan goşantlary ägirt uludyr. «Sungat» diýlen hazynany halypasyz ýa-da şägirtsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki, isilendik bir sungatyň millilik derjesine ýetmegi üçin şu sazlaşygyň zerurlygy ýüze çykýar.
Arkadagyň aýdyň ýollarynda owazasy alyslara dolan türkmen medeniýeti bu günki gün görülip eşidilmedik üstünliklere ýetdi. Parasatlay Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabyndaky: «Saz diňe bir sungat däl, Hudaý tarapyn berlen peşgeşdir. Saz Gurhanyň süreleri ýaly, adamlaryň ruhuny tämizleýär. Saz bilen medeniýet halklaryň arasyndaky köprülerdir. Adamlaryň ruhy kämilligi halkyň taryhyny hem sungatyny bilmekden başlanýar. Şoňa görä-de öz halkyň sazyny bilmek we ýürekden söýmek, oňa üns berip, gelip çykyşynyň çuňňur gözbaşlaryny öwrenmek möhümdir.» - diýip, belleýär. Ýurdumyzy hemme ugurlardan öňe alyp gitmek, dünýäniň ösen döwletleriniň arzyly hatarynda tanatmak ugrundaky döwletli başlangyçlar halkymyz tarapyndan ikelläp goldaw tapýar. Milli Liderimiz mähriban ilimize ýüzlenip, täze ösüşlere ýetmek üçin zerur bolan egsilmez ruhy güýç-kuwwaty buýsananyňa juda degýän mirasdan almalydygyny ýol edip görkezdi. Öz Arkadag Lideriniň daşynda polat gala ýaly jebisleşýän türkmen halky bu ýol ýörelgäni başyna täç edip göterýär.
Ýakynda bolsa Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, Türmenistanyň halk bagşysy Mylly Täçmyradowyň 135 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aýdym-sazly döredijilik duşuşyk dabarasy geçirildi. Bu dabara okuw mekdebiň baýry professor halypa mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Mylly Täçmyradowyň türkmen milli saz-sungatyna goşan çäksiz goşandy, milli senedimiz dutar saz guralynda ýerine ýetijilik aýratynlyklary we döreden şirin mukamlary baradaky çykyşlar dabaranyň esasyny düzdi. Şeýle-de Türkmenistanyň halk artisti, professor Ýolaman Nurymymowyň, uly mugallym Rejep Annamyradowyň eden çykyşlary, Türkmenistanyň halk artisti, dosent Orazmyrat Annanepesowyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti uly mugallym Çarymyrat Ahunowyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri uly mugallym Osman Güjümowyň, 3-nji ýyl talyp Serdar Bäşimowyň ussadyň döredijiliginden çalan «Humarala» sazy we başga-da birnäçe ýerine ýetirilen şirin mukamlar dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Dili senaly halkymyz «Ýagşydan at galar» diýýär. Eziz Arkadagymyzyň ömri uzak, başy dik bolsun! Milli sungatymyz diňe bir gaýtadan tirsege galman, halkymyzyň ruhy tugy bolup al-asmanda pasyrdaýar. Türkmen halk aýdym-saz sungatynyň beýik halypalarynyň çeken päk zähmeti, siňdiren taýsyz zehini bu günki gün belentden sarpalanýar. Ussat halypalaryň döreden ýoluny öwrenmek, buýsanç bilen gadam urmak, iň gymmatly miras hökmünde geljekki nesillere ýetirmek biziň jana-jan borjumyzdyr. Bakylyga özüniň daş ýaran zehini bilen adyny ebedileşdiren halypalar baradaky maglumatlar şeýle asylly işe mynasyp goşant boljakdygyna bil baglaýarys.
Bize türkmen milli saz-sungatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Aýgül ÝAGŞYÝEWA