Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy



28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyna geldi. Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk myhmanlary mähirli garşyladylar. «Älem» medeni-dynç alyş merkezi Türkmenistanyň halkynyň söýüp garşylaýan hem-de parahatçylygy, ylalaşygy özünde jemleýän Täze ýyl baýramçylygynyň guralýan esasy merkezine öwrüldi.
Bu ýerde, ägirt uly arçanyň töwereginde öwşin atýan çyrajyklardan, täsin şarlardan, bezeg garjagazlaryndan, daş-töwerege nur saçýan dürli bezeg serişdelerden hakyky ertekiler dünýäsi döredildi. Älemgoşar öwüşginli bezeglere beslenen meýdançada Täze ýyl baýramynyň ruhubelentlik ýagdaýy göwnüňi göterýär. Milli Liderimiz agtyklary bilen ertekiler şäherçesindäki meýdançada ýerleşýän Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy.
Aýazbabadyr Garpamyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we mähriban atasy bilen Baş arçanyň ýanyna gelen bagtyýar körpeleri Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Häzirki döwürde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda körpe nesliň sazlaşykly ösmegi belent ruhly we sagdyn hem-de hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolup ýetişmegi ugrundaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Bagtyýar çagalaryň gülküleri, şadyýan sesleri döwletimiziň abadançylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar we mähriban Watanymyzyň şu günki we geljekki ösüşine bolan ynamyny pugtalandyrýar. Ýetip gelýän we döwletimiziň beýik ösüşlerine beslenjek 2021-nji ýylyň bosagasynda çagalaryň şatlyklary Diýarymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aýazbaba we Garpamyk bilen hoşlaşyp, olara ýene-de bir gezek Täze ýylyň bagtly, düşümli ýyl bolmagyny arzuw edip, Watanymyzyň körpe nesilleriniň iň gowy milli däpleri, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini mynasyp dowam etdirijiler bolup ýetişjekdigine hem-de hakyky watançylar boljakdygyna ynam bildirdi hem-de bu ýerden ugrady.