Kadalary berk berjaý edeliň!
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň!
Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly. Ýiti respirator keseliň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp üşütmegi we işdäniň kesilmegi ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar.
Eger siz ýa-da maşgalaňyzyň bir agzasy ýiti respirator ýokanç kesel bilen näsaglan bolsa, lukmana ýüz tutmaly we diňe maşgala lukmany tarapyndan bellenen, ýöriteleşdirilen bejergini almaly.
Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, ajy burç goşulan unaş içmeli. Ajy burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde hem örän peýdalydyr. Naharyň gapdalyndan sogan we sarymsak iýmegi endik ediniň!
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy yzygiderli içmeli.
Adam bedeniniň tebigy gurluşyna laýyklykda, uky bilen işjeňligiň, iýmit we gezelenjiň kesgitli çalşygy bolmalydyr. Her bir adam ömrüniň irki döwründen başlap, şeýle sazlaşykly gün tertibine uýgunlaşmalydyr we çagalaryny hem bu tertip-düzgüni her gün doly ýerine ýetirmek şertinde terbiýelemelidir.
Pasla görä geýniň, bu babatda çagalaryňyza hem gözegçilik ediň! Aşa ýyly, galyň geýinmek sebäpli gyzmak immunitetiň peselmegine getirip biler.
Her gün ýaşaýyş jaýynyň otaglaryny ýelejiredip, yzygiderli çygly arassalaýyş işlerini geçiriň! Çygly arassalaýyş işlerinden soňra, üzärlik tütedip, otaglaryň howasyny tämizlemeli.
Sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassa howada gezelenç etmeli. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, işjeň hereketde bolmaly.
Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymyny öz wagtynda alyň!