Aşgabatda “Türkmen teatr sungaty” festiwaly açyldy


Aşgabatda “Türkmen teatr sungaty” festiwaly açyldy



21-nji maýda paýtagtymyzda medeni syýasatyň durmuşa geçirilmegine, milli ruhy mirasyň giň¬den wagyz edilmegine hem-de baýlaşdyrylmagyna uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilýän “Türkmen teatr sungaty” atly festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan sahna sungatynyň forumy ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň teatr toparlaryny bir ýere jemledi.
“Türkmen teatr sungaty” festiwalynyň geçirilmegi milli medeniýeti kämilleşdirmäge, onuň döredijilik ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir, çünki teatr watançylyk, gözellik we ahlak taýdan terbiýe bermegiň möhüm wezipesini ýerine ýetirýär, halkara medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär. Diýarymyzyň sahna sungatynyň wekilleriniň duşuşygy tejribe alyşmagy hem göz öňünde tutýar, ol teatrlaryň ýaş artistleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň, sahna medeniýetiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.
Festiwalyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda boldy.