KELEMI KÖPRÄK IÝIŇ!
Kelemler dürli görnüşde bolup, olaryň düzümi ýokumlara we minerallara diýseň baýdyr. Şol sebäpden kelem ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Ony ähli ýaşdaky adamlara iýmek maslahat berilýär.
Kelemden taýýarlanylýan tagamlardyr işdä açarlar berhizlik hökmünde ähmiýetli hasaplanylýar. Munuň sebäbi onuň bedende çalt hem-de ýeňil özleşýän digi we düzüminde peýdaly maddalaryň köplügi bilen düşündirilýär.
Düzümindäki C, K, H, B, PP ýokumlary, demir, magniý, selen, sink, kalsiý, kaliý, fosfor, uglewodlar, aminokislotalar iýmit siňdiriş ulgamy üçin örän peýdalydyr.
Kelem iýlende, güýçli antioksidantlygy sebäpli bedeniň kesele garşy göreşijilik ukyby güýçlenýär.
Önümiň ulanylmagy gan basyşynyň kadalaşmagyna, zyýanly holesterinleriň peselmegine, düwnük keselleriniň öňüni almaga, görejiň ýitelmegine, saç dökülmesiniň azalmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Kelemi naharyňyza goşsaňyz,bedeniňizi dürli nogsanlyklardan, şeýle-de artykmaç agramdan gorap bilersiňiz!