Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüne baryp gördi


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüne baryp gördi



31-nji maýda Däp bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini iş ýüzünde dünýä äşgär edýär. Şu gün — bu ajaýyp senäniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüne bardy we şol ýerde baýramçylyk çäresine gatnaşdy.