Şahyr Akmyrat Rejebow halkara terjime bäsleşiginiň baýragy bilen sylaglandy
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Akmyrat Rejebow halkara terjime bäsleşiginde ýeňiji boldy. Has takygy, şahyr A.Rejebow wenger şahyry Şandor Petefiniň 200 ýyllyk ýubileýi mynasybetli TÜRKSOÝ guramasy hem-de Wengriýanyň «Lakitelek» gaznasy tarapyndan yglan edilen şygyr terjimesi boýunça halkara bäsleşikde ýeňiji diýlip ykrar edildi.
Bäsleşigiň şertlerine görä, gatnaşyjylar Şandor Petefiniň dört bentden ybarat bolan «Yşk we erkinlik» atly goşgusyny hem-de şahyryň döredijiligine degişli ýene bir şygry öz ene dillerine terjime edip, guramaçylara ugratdylar. Eminleriň gelen netijelerine görä, Türkmenistandan Akmyrat Rejebow, Azerbaýjandan Ramil Ahmed we Bariş Çawid, Gazagystandan Dauren Berikkazyuly, Gyrgyzystandan Tolul Bek Baizak, Özbegistandan Rustam Musurman hem-de Türkiýeden Dursun Aýan ýeňiji diýlip yglan edildi.
14-nji martda Wengriýada Şandor Petefiniň 200 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde, döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Bäsleşigiň ýeňijileri guramaçylaryň 2 müň amerikan dollary möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldular. Şeýle-de ýeňijileriň terjimeleri we şygyrlary aýratyn kitap görnüşinde çap edilip, sowgat berildi.