«Bitarapdyr Diýarym - dünýä doldy owazym»


«Bitarapdyr Diýarym - dünýä doldy owazym»



Türkmen aýdym-saz sungatynyň howandary bolan Hormatly Arkadagymyzyň edýän atalyk aladasy esasynda sungatymyz ajaýyp ösüşlere eýe bolýar. Türkmen halky geçmişde aýdym-sazy ünsden düşürmändir. Sungat halkyň watansöýjüligini has-da artdyryp, estetiki duýgularynyň hemişe ösen derejede bolmagyna ýardam beripdir.
2020-nji ýylyň iýun aýynyň 11-ine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Bitarapdyr Diýarym - dünýä doldy owazym» ady bilen baýramçylyk konserti geçirildi.
Konsertde mekdebiň zehinli okuwçylary dürli saz gurallarynda çykyş etdiler. Şeýle-de bu dabara «Mukam» skripkaçylar topary we depçiler topary gatnaşyp, kalbyňy joşdurýan ajaýyp sazlary ýerine ýetirdiler.
«Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilen bu konsert oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Goý, türkmen aýdym-saz sungaty Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda mundan beýläk-de has gülläp össün!