Parahatlyk dünýäsi


Parahatlyk dünýäsi



2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň milli medeniýetini, halkymyzyň däp-dessurlaryny gorap saklamak we ata-babalarymyzdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň kämil nusgalaryny giňden öwrenmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, 2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň uly konsert zalynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýokary, ýörite orta sazçylyk we sungat okuw mekdepleriniň talyplarynyň, çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň, şeýle-de professional saz bilimi bolan wokal aýdymçylarynyň arasynda hor, wokal we kompozisiýa ugurlary boýunça geçirilen «Parahatlyk dünýäsi» atly festiwal-bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň diplomlarynyň, hormat hatlarynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň emin agzalarynyň gelen netijeleri esasynda Wokal ugry: 1-nji topar - 18-25 ýaş aralygy boýunça 1-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Orkestr saz gurallary» fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Leýli Mämmedowa, 2-nji orna Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Fortepiano» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Dünýägözel Begaliýewa, 3-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy» fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýjahan Saparowa, Wokal ugry: 2-nji topar - 26-35 ýaş aralygy boýunça 1-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy» fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Tylla Saryýewa, 2-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Estrada sungaty» kafedrasynyň mugallymy Arzygül Gylyjowa, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Aýdym aýtmak sungaty» bölüminiň mugallymy Agajan Genjimow, 3-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kamera ansambly» kafedrasynyň mugallymy Maýa Orazberiýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Estrada sungaty» kafedrasynyň mugallymy Begenç Moşiýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet horunyň wokal boýunça inspektory Gurbanmyrat Zamanow, Hor ugry: 1-nji topar-çagalar sungat mekdepleri boýunça 1-nji orna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň hor topary, çeper ýolbaşçysy Güljan Talypowa, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň hor topary, çeper ýolbaşçysy Altyn Nuryýewa, 2-nji orna Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň hor topary, çeper ýolbaşçysy Tursunaý Matýakubowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň hor topary, çeper ýolbaşçysy Orazbibi Nurmyradowa, 3-nji orna Aşgabat şäherniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň hor topary, çeper ýolbaşçysy Gülälek Baýrammyradowa, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň hor topary, çeper ýolbaşçysy Çemen Rozyýewa, Hor ugry: 2-nji topar - ýörite sazçylyk we sungat mekdepleri boýunça 1-nji orna Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň hor topary, çeper ýolbaşçysy Bäşim Berdiýew, 2-nji orna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň hor topary, çeper ýolbaşçysy Hajarbibi Nizamutdinowa, 3-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hor topary, çeper ýolbaşçysy Maýa Amangeldiýewa, Kompozisiýa boýunça: 1-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano» fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Alişer Bazarow, 2-nji oran Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano» fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Baýrammyrat Tagandurdyýew, 3-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano» fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ýazgeldi Gulanow eýe boldular. Bäsleşige gatnaşyjylar özleri üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.