Bäsleşik!
Mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi
Daşoguz welaýat häkimliginiň bilim we medeniýet bölümleri, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy «Daşoguz habarlary» gazeti bilen bilelikde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Döredijilik eserleri goşgy, düzme we surat çekmek boýunça bolar we Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyna bagyşlanar.
«Ýürekleri joşdurýar galkynyşly mekanym, Gülleýär, gül açýar Garaşsyz Türkmenistanym» diýlip atlandyrylýan bu bäsleşige tabşyrylýan goşgular 2-den köp bolmaly däldir. Düzmeler türkmen, rus we iňlis dillerinde ýazylyp bilner. Döredijilik eserleri Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat bölüminde 15-nji sentýabra çenli kabul edilýär.
Döredijilik bäsleşigine iberilýän surat eserleri çarçuwaly, guaş kompozision görnüşinde 50x70 möçberde bolmaly. Bäsleşigiň jemleri 19-njy sentýabrda jemlener.
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary hem-de arzanladylan nyrhda bilim merkezinde okamak mümkinçiligini alarlar.