Wagyz-nesihat dabarasy


Wagyz-nesihat dabarasy



Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary gün saýyn uly ösüşlere eýe bolýar, raýatlarymyzyň erkin bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howupsuzlygy-Ömrümiziň rahatlygy» ady bilen bir aýlygyň dowamynda raýatlarymyza ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekleri barasynda degşli işleriň alynyp barylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaka Türkmen milli konserwatoriýasynda «Ýol hereketiniň howupsuzlugy - Ömrümiziň rahatlygy» atly meýilnama laýylykda Türmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty minstrliginiň habarlar bölüminiň wekili, Türkmenistanyň içeri işler minstrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik müdirligiň wekili we konserwatoriýanyň halypa mugallymlary talyp ýaşlara ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmekleri baradaky gyzykly çykyşlary etdiler. Şeýle hem dabarada çykyş edenler we oňa gatnaşanlar halkymyzy eşeritli gelejege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.