SAÝLAWÇYLARYŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLER BILEN DUŞUŞYKLARY


SAÝLAWÇYLARYŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLER BILEN DUŞUŞYKLARY



28-nji fewralda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde ýurdumyzyň Demokratik partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

* * *

28-nji fewralda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Nunnaýew bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

* * *

28-nji fewralda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda ýurdumyzyň bu sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.