Sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgünlerini berjaý edeliň!
«Halkymyzyň saglygy Berkarar Watanymyzyň rowaçlyklarynyň we üstünlikleriniň gözbaşydyr» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz ynsan saglygyny gorap saklamak hakynda yzygiderli tagallalary edýär. Ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak durmuş-ykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesi öňümizde goýan maksatlarymyza we arzuwlarymyza ýetmäge, olary durmuşa ornaşdyrmaga kömek edýär. Sagdynlyk, berk bedenlilik, sagdyn durmuş ýörelgesi — bularyň ählisi adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömrüniň lezzetini duýmaga kömek edýär. Saglyk — bu bahasyna ýetip bolmajak her bir adamyň, maşgalanyň, şol sanda jemgyýetiň baýlygydyr. Sport — gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň gözbaşy, durmuşa bolan höwesi, söýgini artdyrýan egsilmez güýç hökmünde ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň Berkarar Watanymyzda milli sporty wagyz etmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da berk ornaşdyrmakda üstünlikli amala aşyrýan giň gerimli tutumlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.
Günüň dowamynda 30 — 45 minut bedenterbiýe bilen meşgullanmak uzak ýaşamaklygyň syrydyr. Fiziki agramlyk bedeniň berkemegiwe bedenden zyýanly maddalaryň bölünip çykmagy üçin peýdalydyr. Yzygider sport we beden taplama bilen meşgullanýan adamyň ýokanç kesellerden goranmak ukyby ýokary bolýar. Bedeni taplamaga çagalyk döwründen başlamaly. Bedeni taplamagyň iň ýönekeý görnüşi howa wannasydyr. Sowuk suw bilen bedeni taplamak nerw ulgamynyň, ýürek-gan damarlarynyň we bedende madda alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar. Sowuk suw bilen beden taplamak üçin, ilki bilen, bedeni 35 — 36 derejede gyzgynlykdaky suwa ezilen süpürgiç bilen süpürmeli, soňra sowuk suwa ezilen süpürgiç bilen süpürmeli, şondan soňra az-azdan üstüňden sowuk suw guýmaly. Tomus aýlary sowuk suw wannasyny, mümkin bolsa açyk howada kabul etmeli. Şeýle-de bedeniň keselden goraýjylyk ukybyny ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmeli, gök, bakja önümlerini köpräk iýmäge çalyşmaly. Bedeniň talabyna görä, suwuklyk kabul etmeli. Ulanýan suwuklygyňyz arassa agyz suwy, gaýnadylan suw we gök çaý bolmaly. Köpräk gök çaý içmeli. Günüň dowamynda 2,5 litr töweregi suwuklyk kabul ediň! Uzak wagtlaýyn dartgynlyk bedeniň immun ulgamynyň pese düşmegine getirýär. Ruhy taýdan deňagramlygy saklaň, gaharlanmaň, şadyýan boluň!
Sagdyn durmuş ýörelgesi şatlyk bilen biri-birinden aýrylmazdyr. Şeýle-de rahat uky saglygy berkitmegiň we harçlanan energiýany dikeltmegiň iň gowy görnüşidir. Gün tertibini berjaý ediň. Belli bir wagtda ýatyň we şol bir wagtda turuň. Saglygy berkitmek üçin 7 — 8 sagat hökman ýatmaly. Agşamky rahat uky immun ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Köpräk hereketde boluň! Zyýanly endiklerden gaça duruň! Sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgünlerini berjaý edeliň!
Abadan BERDIÝEWA