Bedeni kuwwatlandyrýan 5 önüm


Bedeni kuwwatlandyrýan 5 önüm



Sarymsak — ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, damarlary arassalaýar, inçekesel taýajyklaryny ýok edýär, işdäni açýar, iýmit siňdiriş fermentleriniň bölünip çykmagyny güýçlendirýär. Düzümindäki kalsiý süňkleriň hem-de dişleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýär.

Düýp sogan — zyýanly bakteriýalary ýok edýär, işdäni açýar, iýmit siňdirişi gowulandyrýar. Düýp sogan şekere, kalsä we fosfor duzlaryna, kletçatka, organiki turşulara, fermentlere, azotly maddalara baýdyr.

Kelem — düzüminde bar bolan A, C we K witaminleri bilen immuniteti güýçlendirmäge ýardam edýär, işdäni açýar, aşgazany, içegeleri dürli kesellerden goraýar we süňkleri berkidýär. Onuň düzümindäki askorbin turşusy limondyr pyrtykalyňkydan hem köpdür.

Şugundyr — gurçukpisint bakteriýalary ýok edýär, bedendäki galyndylary çykarýar, böwregiň, bagryň, gan-damar ulgamynyň arassalanmagyna kömek edýär, şeýle hem gan damarlarynyň diwarjyklaryny berkidýär.

Alma — altynsow stafilokokkany ýok edýär, bedeniň ýokanç kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär we gan aýlanyşygyny dikeldýär. Düzüminde demir, C witamini, pektinler we kletçatkalar bar.